Ï Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine girişildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

view-icon 2704
Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

4-nji sentýabrda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Bu möhüm oba hojalyk möwsümi döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen badalga aldy.

Hormatly Prezidentimiz 30-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, ýerden bol hasyl almaklary üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini belledi. Oba hojalygyny özgertmek, hususan-da, pudaga täzeçil tehnologiýalary, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, onuň önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi pudagy mundan beýläk-de ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde hem möhüm orna eýedir.

Asylly däbe görä, il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan bol hasyly dileg edip, bugdaý tohumlaryny topraga sepdiler hem-de nobaty mehanizatorlara geçirdiler.

Ýurdumyzyň gallaçylary geljek ýylyň hasyly üçin niýetlenen ýerleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda taýýarlap, möwsüme jogapkärli çemeleşdiler. Ekişe bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri taýýarlanyldy.

Oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler hormatly Prezidentimiziň önüm öndürijileri hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen oýlanyşykly strategiýasynyň aýrylmaz bölegidir. Netijede, daýhanlarymyz täze ýerleri özleşdirmegiň, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üsti toprak-howa şertlerimize laýyk gelýän iň täze tehnikalar bilen ýetirilýär. Oba hojalygyna gönükdirilýän köp möçberli maýa goýumlaryň hasabyna ähli welaýatlarda bugdaý hasylyny talabalaýyk saklamak üçin döwrebap elewatorlar, degirmen toplumlary hereket edýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Bugdaý ekişiniň badalga almagy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Ak üzüm”, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň “Batly mülkdar” daýhan hojalyklarynda, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň “Türkmenistan”, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Watan”, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirildi. Olarda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmäge, bugdaýa ideg etmekde agrotehnikanyň kadalaryny öz wagtynda berjaý etmäge we öňdebaryjy tejribäni ulanmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi daýhanlaryň bu möhüm oba hojalyk ekininden bol hasyl öndürmeklerinde wajyp ähmiýete eýedir.

Şeýle-de ýurdumyzyň oba hojalyk önümleriniň we döwrebap tehnikalaryň sergisi guralyp, aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.