Ï «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Hafyz Şirazy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Hafyz Şirazy

view-icon 4891
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Hafyz Şirazy
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini nygtaýar.

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütin dünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-si oturdyldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy okyjylary, aýratyn-da, çagalary we ýetginjekleri «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyny bezeýän ýazyjylaryň hem-de şahyrlaryň ýadygärlikleri we olaryň ömri hem-de döredijiligi bilen tanyşdyrmagy dogry hasaplady. Bu bolsa bu ýerde heýkelleri oturdylan öz döwrüniň ussatlarynyň käbirleriniň Türkmenistanda bolandyklary üçin hem möhümdir. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy olar barada maglumatlary beýan edip, ýazyjylar we şahyrlar barada habarlaryň, mümkin boldugyça, dolulygyna ýetirmäge çalşar, çünki örän köp wagtyň geçendigi sebäpli olaryň köpüsi barada örän az maglumatlar saklanyp galypdyr.

Biziň şu günki gysgaça gürrüňimiz eýran halkynyň nusgawy şahyry Hafyz Şirazy barada.

Şemseddin Muhammet ibn Bahaweddin Hafyz Şirazy pars edebiýatynyň meşhur liriki şahyrydyr. Watanynda onuň eserleri pars edebiýatynda ýokary derejeli hasaplanylýar. Onuň goşgulary pars şygryýetiniň nusgawy eserleridir.

Şemseddin Şirazda dünýä inýär. Şahyryň kakasy ir ýogalyp, maşgala ekleýjisiz galsa-da, kyn güzerana garamazdan, ol bilimleriň dünýäsinden daşlaşmaýar. Eýýäm, irki ýaşlarynda Şemseddin Gurhany-kerimi ýat tutup, hormatly «hafyz» adyna («huşda saklaýan») eýe bolýar. Şeýle hem ol irki ýaşlaryndan Rumynyň, Saadiniň, Attaryň we Nyzamyň eserleri bilen tanyş bolupdyr. Çagalygynda çörek bişirilýän ýerde işläpdir, şeýle-de bolsa ol okuwyny iş bilen utgaşdyrypdyr. Onuň medresede gowy bilim alandygy çaklanylýar. Ol 21 ýaşynda goşgy düzüp başlaýar we şahyr bolýar.

Hafyz gijräk öýlenipdir, onuň iki çagasy bolupdyr. Şahyr ençeme gezek daşary ýurtlaryň hökümdarlaryndan olaryň ýurtlaryna barmaga çakylyk alypdyr, emma, saparlar amala aşmandyr.

Şemseddin Muhammet Hafyz ömrüni geçiren ýeri bolan Şirazda ýogalýar. Häzirki zaman awtorlaryň köpüsi onuň 1390-njy ýylda aradan çykandygyny çaklaýarlar. Şahyr Şirazda Musalla seýilgähinde jaýlanypdyr.

Hafyz Şirazy aradan çykanyndan soň, onuň «Diwan» atly şygyrlarynyň ýygyndysy çap edilýär. 1928-nji ýylda Eýranda Hafyz Şirazynyň ýogalanyndan 35 ýyl geçenden soň döredilen «Diwan» ýygyndysynyň has irki sanawy tapylypdyr. Hafyz Şirazyň «Diwan» ýygyndysy has meşhur häzirki zaman neşirleriniň ikisi Muhammad Gazwin hem-de Kasem Şani (495 gazal) we Parwiz Natel-Hanlari (486 gazal) tarapyndan düzülipdir.

Hafyzyň şygyrlary käbir babatda Omar Haýýamdyr Jelaleddin Rumynyňky bilen bir hörpden gopsa-da, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Hafyz öz ýurdunyň edebi mirasynyň käbir bölegi bilen tanyş bolupdyr.

Hafyzyň esasy döredijiligi gazal bolupdyr. Gahar-gazaby, uruşlary, hyýalbentleň akylsyzlygyny hem-de hökümdarlaryň jenaýatlaryny näletleýän gazallarynyň köpüsi Hafyzyň durmuşyň kynçylyklaryndan gorkmaýandygyny we onuň şatlyga çagyryşyny dünýä ruhubelent garaýşyny ýüze çykarýandygyny görkezýär.

Şahyryň söýgi lirikasy baý we çuňňur. Rowaýata görä, Hafyz Şanabat (Şahnabot) atly gyzy söýüpdir we onuň köp şygyrlary hut şol gyza bagyşlanypdyr. Gizlin duýgularyny beýan etmekdäki sadalyk hem-de keşpleriň inçelik bilen ýetirilmegi şahyryň bu gazallaryny dünýä söýgi şygryýetiniň iň gowy nusgalaryna öwürýär.

Hafyz dünýäde köp ýamanlyklary, zorluklary we ýowuzlyklary görüpdir. Dünýäni täzeden gurmak arzuwy Hafyzyň eserlerinde köp ýaňlanýar. Hafyzyň goşgulary örän sazlaşykly, olary saza hiňlenmek aňsat.

Häzirki Eýranda «Diwan» nusgawy eserleriň arasynda örän köp gezek täzeden neşir edildi. 1814-nji ýylda Hafyzyň nemes diline doly terjime edilen neşiri Gýötäniň özüniň «Günbatar-Gündogar» diwanynyň ilkinji kitabyny tutuşlygyna Hafyza bagyş edýär. Bu kitaby ol «Hafyzyň kitaby» diýip atlandyrypdyr.

A.Puşkin özüniň «Eý, nurana ýaş ýigit, jeňdäki şöhratyňa bendi bolma!» («Не пленяйся бранной славой, о красавец молодой!») («Hafyzdan») diýen goşgusynda şahyra hem-de bütin pars şygryýetine çuňňur hormatyny beýan edipdir. Hafyz Şirazyň eserleri dünýäniň köp dillerine terjime edildi.

Hafyzyň aramgähi Şirazyň esasy gözel ýerleriniň biri bolup, ol ýere köp sanly zyýaratçylar gelýär. Seýilgähdäki aramgähiň başynda Hafyzyň şygyrlary sazyň astynda labyzly okalýar. Hafyzyň jaýlanan ýerindäki ýadygärlik daşynyň ýüzüne onuň beýtinden setirler oýulup ýazylypdyr.