Ï Astanada geçiriljek Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynda 29 türgen Türkmenistana wekilçilik eder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Astanada geçiriljek Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynda 29 türgen Türkmenistana wekilçilik eder

view-icon 2991
Astanada geçiriljek Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynda 29 türgen Türkmenistana wekilçilik eder

29 türgen we 6 tälimçi 8-nji sentýabrda Astana (Gazagystan) açyljak Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň düzümine girdi. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysyna bu barada Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde habar berildi.

Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary iň uly halkara etniki sport ýaryşydyr. Onda Merkezi Aziýanyň ýerli çarwa halklarynyň milli oýunlary boýunça ýaryş geçirilýär. Ol adamzat siwilizasiýasynyň mirasy hökmünde milli-sport we milli-medeni hereketi ösdürmäge gönükdirilendir.

Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna eýýäm girizilendigini bellemek gerek.

«Giň ýaýla duşuşygy» şygary bilen geçiriljek Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlaryna 100 ýurtdan 4 müňe golaý türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar at çapyşygy, milli göreş, ýörgünli intellektual oýunlar, söweş sungaty ýaryşlary, ýaýdan ok atmak, elguşly milli aw, atly ýaryşlar we halk oýunlary ýaly sportuň 21 görnüşi boýunça 97 medal toplumy ugrunda bäsleşerler.

Oýunlaryň maksatnamasynyň çäklerinde etniki medeni mirasy wagyz etmäge gönükdirilen ylmy maslahatlar we medeni çäreler hem meýilleşdirilýär. Oýunlaryň açylyş dabarasy 8-nji sentýabrda «Astana Arena» stadionynda, ýapylyş dabarasy 13-nji sentýabrda «Kazanat» Merkezi aýlawynda geçiriler.

Gyrgyzystan Respublikasynyň Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryny geçirmek başlangyjy bilen çykyş edendigini, onuň üç gezek – 2014-nji, 2016-njy we 2018-nji ýyllarda Yssyk-Köl oblastynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilendigini ýatladýarys. IV oýunlar 2022-nji ýylda Iznikde (Türkiýe) geçirildi.