Ï Köýtendagyň täsinlikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köýtendagyň täsinlikleri

view-icon 2295
Köýtendagyň täsinlikleri

Belent başyny göge dirän goýny keremli daglary, joşgunly deňizdir derýalary, ýaýylyp ýatan sähralary, tokaýlyklary bilen ajaýyp sazlaşygy, gaýtalap bolmajak gözelligi emele getirýän Berkarar Diýarymyzyň nurana keşbi dünýäniň jahankeşdeleriniň, bilermenleriniň ünsüni özünde jemleýär.

Özüniň syrly gowaklary, dereleri, dürli görnüşli tebigy baýlyklary bilen özüne «kerem-keramatly» diýdirýän Köýtendag parasatly ata-babalarymyzyň «Gudrat görseň daglara bar» diýen pahimini bada-bat ýadyňa salýar. Hakykatdan-da Köýtendagyň goýnuna aralaşyp, onuň müňläp-millionlap ýyllaryň döreden tebigy täsinliklerine nazar salanyňda pederlerimiziň müň keren mamladygyna göz ýetirýärsiň. Köýtendagyň täsinlikleri barada söz açylanda dünýäniň başga hiç bir ýerinde gabat gelmeýän, ýagny, diňe şu sebite mahsus bolan jandarlar, ösümlikler, derelerdir gowaklar, ýerasty köller göz öňüňde janlanýar. Olaryň hersi barada söhbet etmek bolsa, ýurdumyzyň täsin tebigy dünýäsini älem-jahana buşlamakdyr.

Özünde ewolýusiýanyň täsin, açylmadyk syrlaryny saklap ýören jandarlaryň biri hem Köýtendagyň Bulak dere gowagyndaky ýerasty kölde duşýan gözsüz balyklardyr. Bu ýerde ylmy-barlag işlerini geçirenlerinde käbir bilermenleriň bu täsin balyklara gabat gelip, olary «Kör balyklar» diýip atlandyrjak bolanlar hem bar. Ýöne, bu ýerine düşmedik jümledir, sebäbi, kör bolmaklyk üçin ilki bilen şol jandaryň gözi bolmaly we ol soňra haýsydyr bir sebäplere görä görmesini goýmaly. Bu balyklaryň welin aslynda doga-bitdi gözleri ýok. Özi hem, balyklaryň şu görnüşi bütin ýer togalagy boýunça diňe Köýtendagdaky ýerasty köllerde gabat gelýär. Ylmy dilde «Noemacheilus starostini» diýlip atlandyrylýan bu balyga «Köýtendagyň gözsüz golesi» (goles ― gyzyl balyklar maşgalasyna degişli) diýilýär.

Gözsüz balyklar ilkinji gezek Bulak dere gowagyndaky ýerasty köllerini öwrenip ýören wagty Bütinrussiýa balyk hojalygy we okeanografiýa ylmy-barlag institutynyň kenarýaka barlaglar laboratoriýasynyň müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Mihail Pereladow tarapyndan açylýar. Bu onuň bir aý töweregi ýokary galman, gowagyň içinde bolup, yhlasly zähmetini siňdiren barlaglarynyň netijesidir. Alym gowaklaryň gaýtalanmajak ösümlik we haýwanat dünýäsiniň bardygyna göz ýetirenden soňra, ýagny, dünýäniň başga ýerlerinde duş gelmeýän (endemik) gözsüz balyklaryň bardygynyň üstüni açandan soň, 1987―1989-njy ýyllarda bu ýere ýene-de dolanyp gelip, Bulak dere gowagyndaky ýerasty köller ulgamyny giňişleýin öwrenýär. Uly zähmet siňdirilip, gowaklarda geçirilen suwasty barlaglar bu kölleriň çuňlugynyň 60 metre çenli ýetýändigi, olaryň ininiň bolsa, ýüzlerçe metre uzalyp gidýändigi anyklanypdyr.

– Millionlarça ýyllaryň dowamynda hiç hili ýagtylygyň düşmeýän gowaklarynda janly-jandarlaryň bolmagy, olaryň edil ýeriň üstünde Gün şöhlesiniň astyndaky ýaly köpelmegi ýer togalagynyň, onuň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň ösüşinde umumylyklaryň, şeýle hem bir-birine meňzemeýän aýratynlyklaryň bardygyny subut edýär. Geçirilen barlaglar ewolýusiýanyň netijesinde janly jandarlaryň ýaşaýan ýerleriniň şertlerine laýyk uýgunlaşýandygyny görkezýär. Mysal üçin, ömürlik garaňky ýerde ýaşaýan we köpelýän balyklar üçin gözüň geregi ýok. Onuň işini haýsy hem bolsa jandaryň bir synasynyň ýerine ýetirýän bolmagy mümkin. Ol entek öwrenilmegini talap edýär - diýip, Mihail Pereladow belläp geçipdir.

Bize ýarganatlaryň hem gözüniň ýokdugy mälimdir. Esasan garaňkylykda uçýan bu guşlar alymlar tarapyndan ýeterlik derejede öwrenilendir. Gözsüz balyklaryň giňişlikde ugur tapyşynyň mehanizmi doly öwrenilse, belki, olaryň arasyndaky umumylyklar ýa-da hereketi dolandyrmagyň täze bir ulgamynyň ýüze çykarylmagy mümkin.

Bu ugurda entek alymlaryň ylmy barlaglary geçirmegi üçin esas köp. Mysal üçin, Bulak deredäki köllerde Gaýnar baba çeşmesindäkilere meňzeş leňňeç şekilliler hem duş gelýär. Bu bolsa, ýerasty kölleriň we beýleki suw ulgamlarynyň arasynda baglanyşygyň bolmagynyň ähtimallygy baradaky pikiri döredýär. Suwy dürli minerallara baý bolan Gaýnar baba çeşmesi hem gözbaşyny dagyň goýnundan alýar. Gowakdaky kölleriň suwlary hem düzüminde minerallaryň köplügi bilen häsiýetlendirilýär. Şeýle meňzeşlikler başga-da duş gelýär. Bular Köýtendagyň goýnunda ylym üçin ähmiýetli açyşlaryň garaşyp ýatandygyna dolulygy bilen güwä geçýär.