Ï Sahysalyh Baýramow Sankt-Peterburgda Halkara Birleşen medeniýet forumynda çykyş etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sahysalyh Baýramow Sankt-Peterburgda Halkara Birleşen medeniýet forumynda çykyş etdi

view-icon 1849
Sahysalyh Baýramow Sankt-Peterburgda Halkara Birleşen medeniýet forumynda çykyş etdi

12-nji sentýabrda Halkara Birleşen medeniýet forumynda «GDA ýurtlarynyň kinematografiýasy. Umumy geçmiş, özygtyýarly häzirki döwür, köpugurly geljek» temasyndan çekişme geçirildi.

Söhbetdeşlige Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň başlygynyň döredijilik meseleleri boýunça orunbasary Sahysalyh Baýramow, şeýle hem kinosenagatynyň beýleki görnükli wekilleri, şol sanda Kino gaznasynyň direktory Fýodor Sosnow, Azerbaýjanyň Döwlet film gaznasynyň direktorynyň orunbasary Aýaz Salaýew, «Belarusfilm» milli kinostudiýasynyň baş direktory Ýuriý Alekseý, Gyrgyz Respublikasynyň Kinematografiýaçylar birleşiginiň başlygy Taalaýbek Kulmendeýew, Ermenistanyň Milli kino merkeziniň direktorynyň orunbasary Wardan Abowýan gatnaşdylar.

Duşuşykda bilermenler häzirki zaman kinosynyň ruhy ýörelgeleri, şol sanda bilelikdäki taslamalary köpeltmek ýaly kino önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegi barada pikir alyşdylar. GDA ýurtlarynyň bilelikdäki kino taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin Gazna döretmek başlangyjy hem agzaldy.

Çäre «Teatr» tematiki bölüminiň çäklerinde Döwlet teatrynyň çeper ýolbaşçysy Ýewgeniý Mironowyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Duşuşygy teatr we kino aktýory Milos Bikowiç alyp bardy.

Türkmen kinomatografiýaçylary bu ugurda işjeň işler alyp barýar. Ýurdumyza öz kino önümlerini halkara kinofestiwallaryna hödürlemäge mümkinçilik berýän dürli žanrlardan filmler surata düşürilýär. Her ýyl türkmen kinosynyň ýokary hilini we özboluşlylygyny görkezýän, ykrar edilýän, ýörite baýraklardyr diplomlara mynasyp bolýan täze filmler döredilýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýyl dana şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan resminamalaýyn filmler tapgyryny döredýän türkmen kinematogarfiýaçylary üçin has-da netijeli boldy. Mundan başga-da, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň durmuşy barada bilelikdäki türkmen-özbek çeper filmi surata düşürilýär.

Bu döredijilik taslamalarynyň köpüsi şu ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Gorkut ata» Halkara kinofestiwalynda görkeziler.