Ï «Gorkut ata» kinofestiwalynda Magtymguly hakynda täze türkmen-özbek kinofilmini görkezmek meýilleşdirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Gorkut ata» kinofestiwalynda Magtymguly hakynda täze türkmen-özbek kinofilmini görkezmek meýilleşdirilýär

view-icon 3759
«Gorkut ata» kinofestiwalynda Magtymguly hakynda täze türkmen-özbek kinofilmini görkezmek meýilleşdirilýär

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerinde türkmen we özbek kinematografiýaçylarynyň uly döredijilik topary şahyryň durmuş we döredijilik ýoluna bagyşlanan doly metražly film döretmek boýunça bilelikde işleýärler.

Şahyryň ýaşlygy we onuň maşgalasy barada filmiň 40 minuty, şeýle hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň gözel künjeginde we Guryhowdan diýlen ýerde onuň beýleki pursatlary surata düşürildi. Häzirki wagtda bu sahna bezegleri döredilýär we Özbegistanda – Buharada we Hywada surata düşüriş işleri dowam etdirilýär. Ol ýerde Magtymguly Pyragynyň Gögeldaş we Şirgazy medreselerinde okan döwri başdan geçiren wakalary, onuň ruhy halypalary bilen tanyşlygy we şahyrana zehininiň we dünýägaraýşyň ösmegi açylyp görkezilýär.

Tanymal özbek kinematografiýaçysy Muzaffarhan Erkinow filmi goýujy režissýordyr. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Öre Daşgynow bilen Rahymberdi Annagulyýew we özbek awtorlarynyň ikisi filmiň edebi esasynyň awtordaşlarydyr. Magtymguly Pyragynyň keşbini Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň ýaş aktýory, «Aşyk Magtymguly» spektaklynda beýik akyldar şahyryň keşbini döretmekde tejribe toplan Ahmet Amandurdyýew döredýär. Pyragynyň pederi Döwletmämmet Azadynyň keşbini Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň aktýory Çary Berdiýew ýerine ýetirýär. Filmde, şeýle hem başga-da tanymal türkmen we özbek aktýorlary surata düşýärler.

Çeper filmi döredijiler bu işi ýakyn wagtda tamamlamagy we täze filmi şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Türkmenistanda geçiriljek «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynda görkezmegi meýilleşdirýärler.