Ï Türkmen zenan türgeni Parižde Paralimpiýa oýunlarynda para pauerlifting boýunça güýçlileriň altylygyna girdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen zenan türgeni Parižde Paralimpiýa oýunlarynda para pauerlifting boýunça güýçlileriň altylygyna girdi

view-icon 2052
Türkmen zenan türgeni Parižde Paralimpiýa oýunlarynda para pauerlifting boýunça güýçlileriň altylygyna girdi

Türkmen türgeni Maýagözel Ekeýewa Parižde Paralimpiýa oýunlarynda para pauerlifting boýunça ýaryşda altynjy orny eýeledi. Aşgabatly 38 ýaşly halkara derejeli sport ussady 86 kilograma çenli agram derejesinde baýraklar ugrunda 10 türgeniň gatnaşmagynda güýç synanyşdylar.

Para pauerlifting – bu mümkinçiligi çäkli türgenler üçin agyr atletikanyň uýgunlaşdyrylan görnüşi bolup, şonda ştangany ýatan ýeriňden iki eliň bilen ýuwaşja ýokary galdyrmak ýeke-täk görnüş hasaplanylýar.

Parižde Paralimpiýa oýunlarynda diňe Türkmenistanyň wekili Maýagözel Ekeýewa üç synanyşygyň ikisini netijeli ulanyp, yzygiderlilikde 107 we 112 kilogram agramy göterdi. Koreýa Respublikasyndan Ýan Jewon 3 kilogram agramy ýokary göterip, bäşinji netijäni görkezdi.

Bu agram derejesinde 156 kilogram netije bilen Braziliýadan Taýana Medeýros XVII tomusky Paralimpiýa oýunlarynyň çempiony boldy. Hytaýly dünýä rekordynyň eýesi (159 kilogram) Feýfeý Çžen ondan 1 kilogram yzda galdy. 134 kilogram netije bilen Çiliden Marion Alehandra Serrano Guahardo bürünç medala mynasyp boldy.

Maýagözel Ekeýewa üçin bu Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy ilkinji gezek däldir. 2008-nji ýylda Pekinde ol 82,5 kilogram netije görkezip, 56 kilograma çenli agram derejesinde 7-nji orny, 2016-njy ýylda Rio-de Žaneýroda bolsa 73 kilograma çenli agram derejesinde 105 kilogram netije bilen 5-nji orny eýeledi. Şeýle hem onuň gazananlarynyň hatarynda 2010-njy we 2014-nji ýyllaryň Aziýa Paralimpiýa oýunlarynyň bürünç medallary hem-de 2023-nji ýylda Dubaýda geçirilen dünýä çempionatynda eýelän 5-nji orny bar.