Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli şaşkaçylaryň bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşik Türkmenistanyň Şaşka milli merkezi, «Nebit-gaz» gazetiniň we «Ussatnews» elektron gazetiniň redaksiýalary bilen bilelikde guraldy.
Bäsleşik 1-nji fewraldan 5-nji sentýabr aralygynda geçirildi, ol dürli hünärli we ýaşdaky adamlaryň arasynda gyzyklanma döretdi. Bäsleşige gatnaşanlaryň arasynda ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, döwlet kärhanalarynyň we hususy kompaniýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýurdumyzyň mekdepleriniň okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bardy, olara dürli şaşka meseleleriniň 15-si hödürlendi. «Nebit-gaz» gazetinde çap edilen bu meseleleri Türkmenistanyň Şaşka milli merkeziniň agzasy, Balkan welaýatynyň ýöriteleşdirilen şaşka mekdebiniň tälimçi-mugallymy Maksat Durdyýew düzdi.
Bäsleşigiň jemi jemlenilende eminler topary adaty üç ýeňijiden başga-da, ýene tapawutlananlaryň ikisini sylaglamagy karar etdiler. Türkmen döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby Şamuhammet Agaýew meseleleriň ählisini çözüp, ýeňiji boldy.
Ikinji orny Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Danatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Arslanbek Atarow, üçünji orny bolsa ýöriteleşdirilen «Türkmengaz» DK-nyň «Türkmenýöritenebitgazgurnama» trestiniň ýöriteleşdirilen müdirliginiň kebşirleýjisi Berdimyrat Hojamberdiýew eýeledi.
Höweslendiriji baýraklaryň ikisi: dördünji orun – Aşgabat şäherindäki 147-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Rustam Atarowa we bäşinji orun Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň 5-nji ýyl talyby Kadyr Peşliýewe berildi.
Şaşka bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde boldy. Türkmenistanyň Şaşka milli merkeziniň başlygy, halkara grossmeýsteri Bäşim Durdyýew ýeňijilere Balkan welaýatynyň we «Türkmennebit» DK-nyň kärdeşler arkalaşyklary komitetleriniň Hormat hatlary hem-de gymmatly sowgatlary gowşurdy.
«Türkmengaz» Döwlet konserniniň Medeniýet-işewürlik merkeziniň tanymal estrada aýdymçylary – Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowanyň, belli aýdymçylar Ahmet Orazgulyýewiň we Maksat Tuwakowyň, şeýle hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döredijilik toparynyň çykyşlary dabara baýramçylyk ruhuny çaýdy.