Ï Bütindünýä küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary Kubanyň, erkekler bolsa Ýamaýkanyň toparyny ýeňdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bütindünýä küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary Kubanyň, erkekler bolsa Ýamaýkanyň toparyny ýeňdi

view-icon 2410
Bütindünýä küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary Kubanyň, erkekler bolsa Ýamaýkanyň toparyny ýeňdi
camera-icon
Türkmenistanyň küşt federasiýasynyňky

Budapeştde (Wengriýa) dowam edýän 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda türkmen toparlary ýene iki ýeňiş gazandy.

Ortaça 1956 utuk reýtingi bolan Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary (73-nji belgili) 7-nji tapgyrda agyr bäsleşikde 29 belgili üç halkara grossmeýsterden we bir halkara ussatdan ybarat tejribeli kubalylary (ortaça reýtingi – 2215) 2.5:1.5 hasabynda ýeňdi. Erkekler toparymyz bolsa (73-nji belgi; ortaça reýtingi – 2332) Ýamaýka toparyndan (belgisi – 105; ortaça reýtingi – 2161) üstün çykdy – 3:1.

Gyzlar toparyna aýgytly ýeňşi 17 ýaşly Leýla Şöhradowa getirdi, ol 3-nji tagtada zenan grossmeýster Ýaniýela Forgas Morenony (reýtingi – 2203) ýeňdi, beýleki üç tagtadaky oýunlar bolsa deňme-deň tamamlandy.

Indi gyzlarymyz mümkin bolan 14 utukdan 10 utuk toplap, «C» toparda öňdeligi elde saklamak bilen, umumy sanawda 25-nji orny eýeleýärler. Indiki, 8-nji tapgyrda türkmen küştçüleri 16-njy orny eýeleýän (21 belgi; ortaça reýtingi – 2282) Şweýsariýanyň ýygyndy topary bilen oýnar. Oňa Russiýadan göçüp gelen öňki dünýä çempiony Aleksandra Kostenýuk ýolbaşçylyk edýär. Ol şahsy bäsleşikde 1-nji ýaryş tagtasynda 7 tapgyrdan soň mümkin bolan 6 utukdan 5.5 utuk gazanyp, hakyky 2643 reýting derejesini görkezmek bilen, 2-nji ýeri eýeleýär.

Türkmen küştçüsi Eneş Arazmedowa-da 5-nji ätiýaçlyk tagtasynda şahsy bäsleşikde öňdäkileriň hatarynda barýar, ol 2418 reýting görkezijisi bilen 7 tapgyrdan soň 169 küştçiniň arasynda 5-nji ýeri eýeleýär. Türkmen toparynyň «gapjygyna» utuk getirmek boýunça Leýla Şöhradowa öňde barýar (6 oýunda – 5 utuk), onuň reýtingi 103 utuk ýokary galyp, 1976-a ýetdi («janly reýting»).

Erkekler toparymyzyň Ýamaýkanyň toparyndan üstün çykmagyna öz oýunlarynda ýeňiş gazanan halkara grossmeýster Meýlis Annaberdiýew (2-nji tagta) we 18 ýaşly Amanmuhammet Hommadow (3-nji tagta) dagy möhüm goşant goşdy. 4-nji tagtada oýnan halkara ussat Saparmyrat Atabaýew (1-nji tagta) we 4-nji tagtada çykyş eden Wepaly Halnyýazow dagy garşydaşlary bilen deňme-deň oýnadylar. 7-nji tapgyrda, 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda 4-nji tagtada oýnan häzirki milli çempion Allaýar Şirliýew dynç aldy.

7 tapgyrdan soň türkmen küştçüleri 188 toparyň arasynda 75-nji orny eýeleýärler. 8-nji tapgyrda ýigitlerimiz 59-njy orunda barýan Islandiýanyň ýygyndy topary (belligi – 46; ortaça reýtingi – 2483) bilen duşuşarlar. Onuň düzüminde 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynda ilkinji üç tagtada halkara grossmeýsterler, 4-njide bolsa halkara ussat oýnaýar.

Umumy bäsleşikde erkekler toparynda-da, zenanlar toparynda-da heniz ýekeje utugam ýitirmedik Hindistanyň ýygyndy topary öňde barýar. Wengriýanyň paýtagtyndaky küşt olimpiadasy 22-nji sentýabra çenli dowam eder.