Türkmenistanyň zenanlar topary Budapeştde geçirilýän 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda dördünji ýeňşini gazandy.
6-njy tapgyrda ortaça 1956 görkeziji gazanan türkmen küştçüleri 43-nji belgide saýlanan Braziliýanyň toparyny (ortaça görkezijisi – 2132) 3:1 hasabynda ýeňdi. Toparymyzyň ýeňşine Leýla Şöhradowa (3-nji tagtada) we 4-nji tagtada oýnan Eneş Arazmedowa döwlerinde ýeňiş gazanyp, möhüm goşant goşdular. Wise-çempion Läle Şöhradowa (1-nji tagtada) we ýurdumyzyň çempiony Merýem Agajanowa (2-nji tagtada) garşydaşlary bilen deň oýnadylar. Adatça 4-nji tagtada oýnaýan Jahan Rejebowa 6-njy tapgyrda dynç aldy.
Ondan öň ildeşlerimiz Çadyň (168 belgili), Bagam adalarynyň (122 belgili), Gwatemalanyň (106 belgili) küştçi gyzlaryny şol bir – 4:0 hasabynda ýeňdiler. Slowakiýanyň (32 belgili) – 1.5: 2.5 we Çehiýanyň (41-nji belgili ) wekillerinden – 1:3 hasabynda ýeňildiler.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysyna Türkmenistanyň Küşt federasiýasynda aýdylyşy ýaly, Olimpiýa oýunlarynda zenanlar ýaryşynda 183 topar hasaba alyndy, ýöne 169-sy medallar ugrunda göreşe girdi. Esasy umumy hasapdan başga-da, olar toparyň agzalarynyň ortaça görkezijisine baglylykda bäş toparça bölünýärler. Umumy sanawda 73-nji belgili türkmen zenanlar topary «C» toparça düşdi. Küştçülerimiz şu wagta çenli öz toparçasynda iň gowy netije görkezýärler, olar 6-njy tapgyrdan soň mümkin bolan 12 utukdan 8 utuk toplap, umuman ýaryşda 36-njy orny eýeleýärler.
4 döwde 4 ýeňiş gazanan 17 ýaşly Eneş Arazmedowanyň şu wagta çenli toparymyzda 100% netije gazanandygyny bellemek gerek.
7-nji tapgyrda türkmen küştçüleri 39-njy orunda barýan we ortaça 2215 görkezijili 29-njy belgili kubaly zenanlar bilen bäsleşerler.
Umuman zenanlaryň arasynda ýaryşda şu wagta çenli 6 oýnuň ählisinde ýeňiş gazanyp, 12 utuk toplan hindi topary (ortaça görkezijisi – 2467) öňde barýar. Adatça zenanlar küşdünde güýçli gruziýaly we ilkinji üçlükdäki polşaly zenanlar hindilerden 1 utuk az topladylar.
Erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşda 197 topar Olimpiýada gatnaşyjy hökmünde hasaba alyndy, ýöne 187 ýurduň wekili küşt tagtalarynyň başyna geçdi.
Türkmenistanyň erkekler topary (ortaça görkezijisi – 2332) şu wagta çenli pes netije görkezýär, ol mümkin bolan 12 utukdan 6 utuk bilen 84-nji orny eýeleýär. Ilkinji alty tapgyrda 73-nji belgili, ýöne has güýçli «B» toparça düşen ýigitlerimize ýa ýeňillik bilen ýeňiş gazanylan (Bagam adalary – 4:0, Bruneý – 4:0 we Kipr – 3:1) ýaly gaty gowşak, ýa-da (Litwa – 0.5:3.5, Awstriýa – 1:3 we Şweýsariýa – 0.5:3.5 hasabynda) ýeňlişe sezewar eden gaty güýçli bäsdeşler duşdy.
7-nji tapgyrda türkmen küştçüleri 6 utuk bilen 106-njy orunda barýan 105-nji belgili Ýamaýkanyň toparyna garşy oýnarlar.
Erkekleriň arasynda geçirilýän ýaryşda halkara derejeli ussat Saparmyrat Atabaýew (1-nji tagtada), grossmeýster Meýlis Annaberdiýew (2-nji tagtada), 18 ýaşly Amanmuhammet Hommadow (3-nji tagtada), ýurdumyzyň häzirki çempiony Allaýar Şirliýew (4-nji tagtada) we ätiýaçdaky oýunçy Wepaly Hallynyýazow Türkmenistana wekilçilik edýärler.
Erkekleriň arasynda hem şu wagta çenli ýeke utugam ýitirmedik Hindistanyň topary öňde barýar. Ondan bir utuk az, Wýetnamyň, Hytaýyň we Eýranyň toparlarynyň 11 utugy bar. Küşt olimpiadasy 22-nji sentýabrda dowam eder.
Şu ýyl Türkmenistanyň ýygyndysynyň 6 ýyllyk arakesmeden soň dünýäniň esasy küşt ýaryşyna gatnaşýandygyny ýatladýarys.