Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary Budapeştde dowam edýän 45-nji dünýä küşt Olimpiadasynda yzygider ikinji we ýaryşda bäşinji ýeňşini gazandy.
Ol 8-nji tapgyrda 46 belgili Islandiýanyň toparyny (ortaça reýtingi – 2483) 2,5:1,5 hasabynda utdy. Bu toparyň düzüminde ilkinji üç tagtada halkara grossmeýsterler, 4-nji tagtada bolsa halkara küşt ussady oýnaýardy. 73 belgili toparymyzyň üstünlik gazanmagyna 1-nji we 2-nji tagtada, degişlilikde Wignir Watner Stefanssondan we Gudmundur Kýartonssondan üstün çykan halkara küşt ussady Sararmyrat Atabaýew we grossmeýster Meýlis Annaberdiýew, şeýle hem dördünji tagtada Hilmir Freýr Heýmisson bilen deňme-deň oýnan Allaýar Şirliýew dagy aýgytly goşant goşdy.
Bu ýeňişden soň türkmen küştçüleri ýaryşyň görkezijisinde ýene 20 basgançak ýokary galdylar we mümkin bolan 16 utukdan 10 utuk toplap, 2-3-nji ýerlere şärik bolan Özbegistanyň hem Wengriýanyň ýygyndy toparlaryndan 4 utuk yzda galmak bilen, jemi 188 erkekler toparynyň arasynda 55-nji orny eýelediler.
1956 ortaça reýtingi bolup, 73 belgili toparda çykyş eden gyzlarymyz bolsa birnäçe şowly oýundan soň birneme haýalladylar. Olar 8-nji tapgyrda şweýsariýaly garşydaşlaryndan (21 belgi; ortaça reýtingi – 2282) asgyn geldiler – 1:3 we mümkin bolan 16 utukdan 10 utuk toplap, jemi 169 zenan toparynyň arasynda 25-nji orundan 37-nji orna düşdüler.
Türkmenistanyň wise-çempiony Läle Şöhradowa (şahsy reýtingi – 2030) 1-nji tagtada küşt taryhynyň iň gowy küşt oýunçysy adyna laýyk görülýän, öňki dünýä çempiony, halkara grossmeýster Aleksandra Kostenýuk (şahsy reýtingi – 2483) bilen deňme-deň oýnady, ýöne onuň oýnuň dowamynda adygan garşydaşyny ilkinji ýeňlişe sezewar etmek üçin artykmaçlygy we gowy mümkinçiligi bardy. Eýsem-de bolsa, 18 ýaşly Läläniň bu oýunda grossmeýster derejesine laýyk gelýän takyklyk derejesini 95,9% görkezendigini bellemelidiris.
Merýem Agajanowa-da (2-nji tagta; reýtingi – 2007) FIDE ussady Lena Georgesku (2266) bilen oýnuny deňme-deň tamamlady. Emma 3-nji we 4-nji tagtalarda oýnan Leýla Şöhradowa we Jahan Rejebowa, gynansak-da, degişlilikde Sofiýa Gryzlowadan we U16 Ýewropa çempiony Mariýa Mankodan utuldy. Jahan eýýäm ilkinji göçümde gödek ýalňyş goýberdi, Leýla bolsa artykmaçlygy bola-bola, wagt ýetmezligi golaý gelende, hasabynda ýalňyşdy.
Indiki, 9-njy tapgyrda Türkmenistanyň erkekler topary 42-nji orunda durýan we 2024-nji ýyl Olimpiýa oýunlarynda birnäçe garaşylmadyk ýagdaý döreden Kanadanyň topary (belgisi – 50; ortaça reýtingi – 2468) bilen oýnar. Bu topar ýaňyja Täze Zelandiýanyň toparyny 3:1 hasabynda utdy. Zenanlar toparymyz bolsa çernogoriýaly garşydaşlary (belgisi – 42; ortaça reýtingi – 2142) bilen duşuşar; olar mundan öňki tapgyrda Alžiriň küştçülerinden 2,5:1,5 hasabynda üstün çykyp, häzirki wagtda 34-nji orny eýeleýär.
Hindistanyň topary, heniz ýeňliş görmän, erkekleriň arasynda umumy bäsleşikde öňdeligi elde saklaýar. Hindi zenan küştçüleri ilkinji ýeňlişe Polşa bilen bolan oýunda sezewar boldular – 1,5:2,5. Indi bu ýerde üç häkimiýetlilik ýüze çykdy: Hindistan, Polşa we Gazagystanyň, bularyň her biri 16 utukdan 14 utuk toplady.