Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary Budapeştde (Wengriýa) geçirilýän 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda altynjy ýeňşini gazandy. 9-njy tapgyrda olar 42-nji belgili Çernogoriýanyň toparyny (ortaça görkezijisi – 2142) gara mallar bilen 2.5:1.5 hasabynda utdylar.
Ýurdumyzyň çempiony Merýem Agajanowa (2-nji tagtada) we 4-nji tagtada ätiýaçdaky oýunçy hökmünde çykyş eden Eneş Arazmedowa dagy degişlilikde zenanlaryň arasynda halkara ussady Aleksandra Milowiçi we Mateýa Popowiçi utdylar. Leýla Şöhradowa (3-nji tagtada) zenanlaryň arasynda FIDE-niň ussady Nikolina Kolewiç bilen deň oýnady.
2024-nji ýylda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda 5-nji orny eýelän 17 ýaşly Eneş Arazmedowa 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda toparymyzda 100 göterim netije görkezip, oýnan bäş oýunda ýekeje utugam ýitirmedi.
Şu ýeňişden soň türkmen küştçüleri (73-nji belgili; ortaça görkezijisi – 1956) ýaryşda 7 basgançak ýokary galyp, 12 utuk bilen öňde barýan Gazagystandan 4 utuk az toplap, zenan toparlarynyň 169-synyň arasynda 30-njy orny eýeledi.
Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary hem (73-nji belgide; ortaça görkezijisi – 2332) 9-njy tapgyrda 50-nji belgili Kanadanyň topary (ortaça görkezijisi – 2468) bilen 2:2 hasabynda deň oýnap, ýaryşda 5 basgançak ýokary galdy. Bu oýunda halkara ussady Saparmyrat Atabaýewiň (1-nji tagtada) grossmeýster Şon Rodrig-Lemýeden we ýurdumyzyň häzirki çempiony Allaýar Şirliýewiň (4-nji tagtada) halkara ussady Nikolaý Narisyndan üstün çykandygyny bellemek gerek.
Olimpiýa oýunlarynda erkekleriň arasynda geçirilýän ýaryşda türkmen toparyna A.Atabaýewden we A.Şirliýewden başga-da halkara grossmeýster Meýlis Annaberdiýew (2-nji tagtada), 18 ýaşly Amanmuhammet Hommadow (3-nji tagtada) we ätiýaçdaky oýunçy Wepaly Hallynyýazow wekilçilik edýärler.
Ýaryşyň tamamlanmagyna iki tapgyr galanda türkmenistanly küştçüler 11 utuk bilen 188 toparyň arasynda 50-nji orny eýeleýärler. Erkekler ýaryşynda hindi topary 17 utuk bilen öňde barýar.
10-njy tapgyrda Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary 11 utuk bilen 45-nji ýerde barýan we düýn Alžiriň toparyny 3.5:0.5 hasabynda utan Singapuryň topary bilen oýnar. Zenanlar toparymyz 23-nji belgidäki gresiýaly garşydaşlary bilen duşuşar, olar geçen tapgyrda Monakonyň küştçi gyzlaryndan 3.5:0.5 hasabynda üstün çykyp, häzir 11 utuk bilen 36-njy orny eýeleýärler.
Bütindünýä küşt olimpiadasy toparlaryň ýaryşydyr, onda dürli ýurtlaryň ýygyndylary iň güýçli küşt döwleti ady ugrunda bäsleşýärler. Ol dünýäniň güýçli küştçülerini birleşdirýän iň abraýly we uly göwrümli sport çärelerinden biridir.