Ï Türkmenistanly karateçi Hançžouda geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly karateçi Hançžouda geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

view-icon 1427
Türkmenistanly karateçi Hançžouda geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen türgeni Dawut Nazmyradow şu gün Hançžou (Hytaý) şäherinde tamamlanan uly ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen WKF karate boýunça Aziýanyň çempionatynda bürünç medal gazandy.

WKF (World Karate Federation) – yklym federasiýalarynyň bäşisine wekilçilik edýän 200 ýurtdan ybarat Bütindünýä Karate federasiýasynyň iňlis dilinde gysgaldylyp alynmasydyr. Häzirki wagtda ol ýüz milliondan gowrak agzasy bolan Halkara Olimpiýa komitetiniň ykrar eden ýeke-täk karate guramasydyr.

Aziýa karate federasiýasynyň (AKF) geçiren çempionatyna 30 ýurtdan güýçli türgenleriň 356-sy gatnaşdy, olar diňe bir katada (gorag we hüjüm usullarynyň utgaşygynda berk düzgünleşdirilen maşklar) we kumitede (söweşler) medallar ugrunda bäsleşmän, eýsem, noýabr aýynda Pamplonada (Ispaniýa) geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk üçin hem göreşdiler.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysyna Türkmenistanyň Karate-do federasiýasynda aýdylyşy ýaly, Aziýa çempionatynda toparymyza 6 türgen, 3 emin, 2 tälimçi we wekiliýetiň başlygy wekilçilik etdi.

Dawut Nazmyradow 75 kilograma çenli agram derejesinde erkekleriň arasynda kumite boýunça bürünç medal gazandy, bu ýaryşda 19 türgen baýrak ugrunda bäsleşdi. Ol bu üstünlige barýan ýolda üç ýeňiş gazandy.

Birinji tutluşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby Fanit Soty (Kamboja) 5:0 hasabynda ýeňdi, ikinjisinde bolsa Saif Addin Bani Taressadan (Iordaniýa) 9:5 hasabynda üstün çykdy. Ýarym finalda Dawut Kuwonçbek Muhammadiýewden (Özbegistan) 0:3 hasabynda ýeňildi. Özbegistanly türgeniň finala çykmagy netijesinde D.Nazmyradow bürünç medal ugrunda teselli beriji tutluşyga hukuk alyp, onda Ali Barnawini (Saud Arabystany) 6:3 hasabynda ýeňip, münberiň üçünji gatyna çykdy.

Bu agram derejesinde ikinji bürünç medaly Gonçe Bahman Asgari (Eýran) eýeledi. Kümüş medal Kuwonçbek Muhammadiýewe (Özbegistan) gowşuryldy, Nurkanat Ažikanow (Gazagystan) Aziýanyň çempiony boldy.

Bu zehinli karateçiniň şu ýyl daşary ýurtda geçirilen ýaryşlarda gazanan ilkinji üstünligi däldir. Maý aýynda D.Nazmyradow Samarkantda geçirilen 9-njy Merkezi Aziýa çempionatynda ýeňiş gazandy we awgust aýynda Manilada 21 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda bürünç medal eýeledi. Indi bolsa uly ýaşlylaryň arasynda Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy!

Dawut Nazmyradow Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Nazmämmet Şatlykgulyýewiň ýolbaşçylygynda karate bilen meşgullanyp başlady. Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli ýygyndysynda baş tälimçi 5-nji dan gara guşagyň eýesi Aýdyň Çaryýewiň ýolbaşçylygynda ussatlygyny kämlleşdirýär. 

Aziýa çempionatynda türkmen karateçisiniň gazanan bürünç medaly 27-nji sentýabrda bellenýän ýurt Garaşsyzlygy baýramyna türkmen halkyna gowy sowgat boldy. Şu ýylyň 9 aýynda Türkmenistanyň Karate-do federasiýasynyň türgenleri Birleşen Arap Emirliklerinde, Özbegistanda, Ispaniýada, Filippinlerde we Hytaýda geçirilen ýaryşlarda 63 medal gazandylar – bu ýurduň Baş baýramynyň öňüsyrasynda gowy netijedir!