Ï «Ynamly ojak» hususy kärhanasy ýokary hilli çüýşe gaplary öndürýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ynamly ojak» hususy kärhanasy ýokary hilli çüýşe gaplary öndürýär

view-icon 2410
«Ynamly ojak» hususy kärhanasy ýokary hilli çüýşe gaplary öndürýär

Soňky ýyllarda dürli pudaklarda aýna gaplara bolan isleg yzygiderli artýar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän «Ynamly ojak» hususy kärhanasy bu ugurda netijeli işleýär. Kärhana Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hajatlary üçin lukmançylyk çüýşeleri bilen birlikde ýokary hilli aýna gaplary öndürmekde ýöriteleşýär.

Mundan başga-da, «Ynamly ojak» kärhanasy çüýşeli içgileri aýna gaplarda ýapmak üçin, şeýle hem gök önümlerden, miwelerden we ir-iýmişlerden duzly hem-de turşy tagamlary ýapmak üçin, ýönekeý we towlanýan metal gapaklaryny hödürleýär.

Kärhananyň esasy artykmaçlyklaryndan biri hem önümini bir toplumda alyjylara hödürlemekdir, bu bolsa müşderiler üçin has amatlydyr. Ýerli öndürijiler – «Nur» we «Bakjam» hususy kärhanalary «Ynamly ojak» kärhanasyndan gapaklary yzygiderli satyn alýarlar, çünki ol hususy telekeçiler üçin amatlydyr.

Önümçilik üçin gerekli zatlaryň köpüsi ýerli çig maldan alynýar, diňe biraz bölegi daşary ýurtlardan getirilýär.

Lukmançylyk çüýşeleriniň aýratyn talaplary bar, sebäbi olar dermanlyk serişdelerini we beýleki lukmançylyk maddalaryny saklamak üçin ulanylýar. Bu önümler öndürilende olaryň zyýansyzlandyrylmagy, himiki serişdelere durnuklylygy we düzgünleriň berjaý edilmegi ýaly ugurlara uly üns berilýär.

«Ynamly ojak» hususy kärhanasynyň lukmançylyk önümleri bilen işlemek üçin ygtybarlylygyny we ýokary ölçeglere laýyk işleýändigini tassyklaýan ähli zerur ygtyýarnamalar hem-de şahadatnamalar bar.