Ï Türkmen türgeni silterläp götermekde dünýä rekordyny goýup, dünýä çempiony boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgeni silterläp götermekde dünýä rekordyny goýup, dünýä çempiony boldy

view-icon 2709
Türkmen türgeni silterläp götermekde dünýä rekordyny goýup, dünýä çempiony boldy

Türkmenistanyň agyr atletikaçysy Şahzatbek Matýakubow Ispaniýanyň Leon şäherinde geçirilen ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda ýerine ýetirmegiň her görnüşinde we iki görnüşiň jemi boýunça dünýä rekordyny goýup, üç sany altyn medal gazandy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby 11 döwletden 13 türgenleriň arasynda 102 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi.

Şahzatbek Matýakubow alty synanyşygyndan bäşisini üstünlikli ýerine ýetirdi. Ştangany itekläp götermekde ilkinji iki synanyşykda ol 170 we 175 kilogram agramy galdyrdy. 180 kilogram agramy goýlan üçünji synanyşykda çykyş şowly bolmady. Muňa garamazdan, bäsleşigiň birinji görnüşinden soň, biziň türgenimiz ilkinji orna çykyp, yzýanyndan gelýän müsürli türgen Mahmud Hassandan 6 kilogram hem-de braziliýaly türgen Mateus Pessanýedan 7 kilogram agram öňde barýardy.

Ikinji görnüşde, birinji görnüşdäki ýaly, braziliýaly türgen üç synanyşygyň ählisini-de netijeli ulanyp, ştangany silterläp götermekde 215 kilogram agramy göterip dünýä rekordyny täzeledi. Ýöne, bu rekord iki minutdan uzak saklanmady, ony Türkmenistanyň 20 ýaşly sport ussady gaýtadan täzeledi.

Dünýä rekordy 216 kilogram agramy Şahzatbek Matýakubow 205 we 210 kilogram agramlary galdyrmak üçin ýerine ýetiren iki netijeli synanyşygyndan soň täzelendi. Eýýäm şunda ol agramy galdyrmagyň iki görnüşi boýunça dünýä çempiony derejesindedi. Oňa diňe ştangany itekläp götermekde ýene bir altyn medal gazanyp, öz adyny dünýä rekordçylarynyň sanawyna girizmek galypdy. Biziň agyr atletikaçymyz hem bu wezipä hötde gelip, «Best male lifter» («Erkekleriň arasynda iň oňat agyrlyk göteriji») baýragyna eýe bolmak ugrundaky ýaşlaryň dünýä derejesindäki ýaryşynda bu abraýly ada mynasyp boldy.

Ýaşlaryň arasynda silterläp götermekde (183 kilogram) we jemi boýunça (393 kilogram) dünýä rekordlaryny häzirki günde 2023-nji ýylyň Ýewropa çempiony, Ermenistandan 21 ýaşly türgen Garik Karapetýan saklaýar.

«Aslynda, men şu gün, jemi agram boýunça rekord goýmak isläpdim, emma töwekgelçilik edip durmadym» diýip, Ş.Matýakubow aýtdy. Ol ýaryşy 391 kilogram agram bilen tamamlady. Bu bolsa onuň şundan öňýanyndaky, ýagny Taýlandyň Phuket şäherinde şu ýylyň aprel aýynda geçirilen Dünýä kubogynda 8-nji orun eýelän ýaryşynda görkezen netijesinden 5 kilogram agram ýokarydyr.

Jemleýji teswirnamada Şahzatbek Matýakubow ikinji orun eýelän braziliýaly türgen Mateus Pessanýeden (383 kilogram; silterläp götermekde – 168 kilogram, itekläp götermekde – 215 kilogram) 8 kilogram we üçünji orun eýelän müsürli türgen Mahmud Hassandan (369 kilogram; silterläp götermekde – 169 kilogram, itekläp götermekde – 200 kilogram) 22 kilogram agram bilen öňe saýlandy. M.Hassan 2022-nji ýylda ýetginjekleriň arasynda dünýä çempiony bolupdy, geçen ýyl Saud Arabystanyň Er-Riýad şäherinde ulularyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda silterläp götermekde bürünç medal gazandy, şu ýyl bolsa Afrika çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy.

Şahzatbek Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda öz dogany Nabižon Matýakubowyň elinde agyr atletika bilen meşgullanyp başlady. Häzirki wagtda ol milli ýygyndy toparyň baş tälimçisi Mansur Rejepowyň ýolbaşçylygynda ussatlygyny kämilleşdirýär.

Geçen ýyl Ş.Matýakubow Hindistanyň Deli şäherinde geçirilen ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda, Kataryň Doha şäherinde geçirilen Gran-Pri II ýaryşynda 96 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, birinjiligi eýeledi we Meksikanyň Gwadalahar şäherinde geçirilen ýaşlaryň dünýä çempionatynda 2-nji orun eýeledi.

Şu ýylyň ahyryna çenli Şahzatbek Matýakubow üçin Bahreýnde 6–15-nji dekabry aralygynda uly ýaşly türgenleriň arasynda geçiriljek dünýä çempionatynda hem-de Katarda 19–25-nji dekabry aralygynda geçiriljek ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda rekordlary täzelemäge ýene-de mümkinçilik dörär. Şol ýaryşlarda ol rekord görkezijileriň hemme üçüsini gazanmak ugrunda güýç synanyşmagy maksat edinýär.

Ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda erkekleriň arasynda on we zenanlaryň arasynda on agram derejelerindäki medallar ugrunda 67 ýurtdan agyr atletikaçylaryň 350-si güýç synanyşdylar.

Türkmenistana agyr atletikaçylaryň ikisi – Şahzatbek Matýakubow hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby, 18 ýaşly Anamjan Rüstemowa wekilçilik etdiler. A.Rüstemowa 81 kilograma çenli agram derejesinde itekläp götermekde (103 kilogram) bürünç medal gazandy, silterläp götermekde (127 kilogram) bäşinji netijäni görkezdi we jemi boýunça (230 kilogram) dördünji orun eýeledi. Biziň agyr atletikaçy gyzymyz üçünji orun eýelän bosgunlaryň toparyndan bolan eýranly türgen Ýekte Jamaliden – 231 kilogram (104+127), bary-ýogy 1 kilogram agram asgyn geldi. Kümüş medala Maýryn Wanesse Ernandes (Meksika) – 232 kilogram agramy götermek bilen (104+128) mynasyp boldy. Emma Pogosýan (Ermenistan) – 233 kilogram agramy göterip (100+133) dünýä çempiony boldy.

Umumy medal hasabynda türkmen agyr atletikaçylary medallara eýe bolan toparlaryň 32-siniň arasynda 3 altyn hem-de 1 bürünç medallary gazanyp, 9-njy orun eýelediler.