Ï Moskwada Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Moskwada Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy

view-icon 2266
Moskwada Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy

Moskwadaky M.I.Rudomino adyndaky bütinrussiýa daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynyň atriumynda, bu ýerde ýerleşdirilen döredijilik şahsyýetleriniň ýadygärlikleriniň arasynda, öz mynasyp ornuny alan beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy.

Bu waka nusgawy şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, türkmen diplomatik edarasynyň guramaçylyk goldawy bilen rus topragynda geçirilen çäreleriň iň möhümleriniň birine öwrüldi.

Dabara gatnaşmak üçin, Aşgabatdan Moskwa uly wekiliýet – Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri, aýdymçylar, şahyrlar we sazandalar geldi. Baýrama öwrülen çäräniň myhmanlarynyň arasynda Magtymgulynyň Moskwada ýerleşdirilen heýkeliniň awtory aşgabatly heýkeltaraş Zahid Babaýew hem bar.

Döwlet daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynyň baş müdiri Pawel Kuzmin we Russiýadaky türkmen diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Esen Aýdogdyýew türkmen şygryýet ägirdiniň rus muşdaklaryna gutlag sözi bilen ýüzlenip, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň türkmen halkynyň milli aňyýetiniň binýadydygyny we ähli adamzat nesliniň mirasydygyny belledi.

Dabarada çykyş eden Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri, Moskwadaky daşary ýurt diplomatlary, rus we türkmen ýazyjylary, şahyrlary, edebiýatşynaslary Magtymguly Pyragynyň şygryýet dilini halkyň diline has ýakyn getiren türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy wezipesini bellemek bilen, bu çeper aňlatma ussadynyň we görnükli ynsanperwer akyldaryň zehininiň dürli taraplary barada bellediler.

Onuň döredijiligi hünärmenleriň Merkezi Aziýanyň medeni taryhynda özboluşly döwrüň bir bölegi hasaplaýan we türkmen edebiýatynyň “Altyn asyry” diýip atlandyrýan döwrüniň başlangyjyny goýdy. Ussadyň eserleri onlarça daşary ýurt diline terjime edildi we bütin dünýäde tanalýar. Olar häzirki wagtda-da wajyplygyny ýitirmeýärler, sebäbi olarda ölmez-ýitmez ählumumy ideallar we gymmatlyklar – Watana bolan söýgi, ruhyýet, ynsanperwerlik, parahatlyk söýüjilik, döredijilige, dostluga we doganlyga çagyryşlar aýdyň beýan edilipdir.

Türkmen halkynyň köp asyrlyk we çylşyrymly taryhy oňa parahatlyga, ylalaşyga we hoşniýetli goňşuçylyga hemme zatdan ýokary baha bermegi öwredipdir. Beýik Magtymgulynyň ahlak ülňüsi hökmünde wesýet eden bu düşünjeleri Türkmenistanyň häzirki zaman döwlet syýasatynyň esasyny düzýär we halky üçin ahlak şamçyragy bolup hyzmat edýär. Magtymguly Pyragynyň şygyr we filosofik mirasynyň ähmiýeti milli serhetleri aşyp, adamzat ähliniň umumy emlägine öwrüldi, muny türkmen zehininiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde giňden baýram edilmegi-de tassyklanýar.