Ï Moskwada saz-suratly ýygyndy neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Moskwada saz-suratly ýygyndy neşir edildi

view-icon 1646
Moskwada saz-suratly ýygyndy neşir edildi

Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly VIII halkara sungat festiwalynyň çäginde geçirilen «Magtymguly Pyragynyň sözlerine saz eserleri» boýunça kompozitorlar we «Şekiller» atly suratlar bäsleşiginiň ýeňijileridir baýrak eýeleriniň beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan işleri Moskwada neşir edilen saz-suratly ýygynda girizildi.

Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň ylhamyny özüne siňdiren bu sazlar we çeper eserler onuň ruhy mirasy dünýäsiniň jümmüşine aralaşmaga mümkinçilik berýär. «Dutaryň owazy» festiwalynyň hil derejesini görkezýän bäsleşikleriň emin agzalarynyň – at gazanan sungat işgärleriniň eserleri bolsa bu ýygyndynyň gymmatyny has-da artdyrýar. Ýygyndy ýokary we orta okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr ynsanperwerlik hem sazçylyk hünärleri boýunça bilim alýan talyplar, umumy bilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary we ýokary synp okuwçylary, şeýle hem bu mowzuk bilen gyzyklanýan her bir adama niýetlenendir. Giň okyjy köpçüligine elýeterliligi, onuň rus we türkmen dillerinde neşir edilmegine sebäpdir, bu bolsa iki medeniýetiň arasyndaky çuňňur özara düşünişmäge we ruhy alyş-çalşa ýardam edýär.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Şekiller» atly Gündogar şygryýetini surat arkaly beýan etme bäsleşigi Russiýanyň Sungat akademiýasynyň howandarlygynda geçirildi we dürli ýaşdaky höwesjeňlerdir hünärmenleri özüne çekdi. Bu ýygyndyny açýan gutlag sözünde Russiýanyň Sungat akademiýasynyň başlygy Zurab Tsereteli çäräniň ähmiýetine ýokary baha berdi. Sungat bäsleşigine hödürlenen eserler Magtymguly Pyragynyň we özboluşly gündogar dünýägaraýşyndan ylham alan rus ýazyjylarynyň döredijiligine bagyşlanýar. Suratkeşler öz ussatlyklaryny iki görnüşde – surat we grafika görnüşinde görkezdiler. Eserleriň her biri diňe bir hünärmenligiň däl, eýsem, medeniýetleriň, Gündogar bilen Günbataryň arasynda üznüksiz dowam edýän döredijilik gepleşikleriň çuňňur ruhy baglanyşygynyň beýany boldy. «Magtymguly Pyragynyň goşgularyna ýazylan saz eserleri» atly kompozitorlar bäsleşigi dünýä medeniýetiniň beýik mirasyny tanatmaga, häzirki zaman kompozitorlaryň dürli aýdym-saz ugurlarynda we žanrlarda hödürlenen işlerini wagyz etmäge, häzirki zaman ýerine ýetiriş repertuaryny baýlaşdyrmaga we türkmeniň XVIII asyrda ýaşap geçen beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň mirasyna ünsi çekmäge gönükdirildi.

Döredijilik bäsleşiginiň eminler düzümine russiýaly we türkmenistanly tanymal kompozitorlar, saz öwrenijiler we wokal mugallymlary girdi. Olaryň hödürlenen eserlere beren ýokary bahalary Gündogaryň beýik akyldar şahyryna mynasyp bolan, hakykatdanam, özboluşly saz-suratly neşiri döretmäge mümkinçilik berdi. Kompozitorlar bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak 28-nji oktýabrda türkmeniň beýik filosof şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly halkara ylmy we amaly maslahatynyň çäginde geçiriler. Bu çäre Moskwanyň iň owadan binalarynyň birinde – Paşkow öýünde ýerleşen Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň aýdym-saz bölüminde geçiriler.

Suratkeşleriň döredijiligi 3-nji noýabrda Russiýanyň Sungat akademiýasynyň muzeýinde we sergi toplumynda «Dutaryň owazy» atly VIII festiwalyň uly konsertinde bellener.