Ï Şahyr we alym Ahmet Mämmedow
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şahyr we alym Ahmet Mämmedow

view-icon 1742
Şahyr we alym Ahmet Mämmedow

Diňe Türkmenistanda däl, eýsem, Merkezi Aziýada hem oňat tanalýan filologiýa ylymlarynyň doktory Ahmet Mämmedowa Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi mynasybetli häzirki wagtda geçirilýän dabaralara ýetmäge çenli ýaşamaga az wagt galypdy.

Şu günler beýik Magtymgulynyň şygryýetine uly hormat goýýan we bu ugurdaky işlerde ylmy barlaglary alyp barýan meşhur alymlaryň biriniň ýokdugyna iki ýyl bolýar. Ahmet aganyň dostlarynyň, kärdeşleriniň we ýakyn dogan-garyndaşlarynyň pikirine görä, alym-edebiýatşynas ömrüniň dowamynda alyp baran işleriniň köp bölegini uly sarpa goýan şahyrynyň döredijiligini öwrenmäge, onuň goşgularyny terjime etmäge bagyşlady.

A.Mämmedow 1942-nji ýylda doguldy, ençeme deň-duşlary ýaly, ol çagalykda uruşdan soňky ýyllaryň agyr kynçylyklaryny başdan geçirdi. Doglan Akdepe şäherçesindäki, soňra bolsa goňşy Köneürgençdäki okan mekdeplerinde ol başlangyç sowady öwrendi. Ýöne, biraz soňra ýetginjegiň edebiýata bolan uly gyzyklanmasyny kakasy – ertekileri düzen hem-de şygryýet bilen yhlasly meşgullanan Gadam Mämmedow terbiýeledi. 1957-nji ýylda Köneürgenç etrabynyň «Biziň Watanymyz» gazetinde Ahmet Mämmedowyň ilkinji goşgusy çap edilýär. Soňra Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, Ahmet Mämmedow goşgy ýazmagyny dowam etmek bilen «Mugallymlar gazetinde» neşir etdirýär. Şondan bäri onuň şygyrlary we poemalary dürli neşirlerde yzygiderli çap edilýär. Magtymgulynyň goşgularyna gyzyklanmasy ýaş şahyry ene dili boýunça ylmy-barlaglary alyp barmaga hem-de şygyr düzmegiň esaslaryna getirýär. Ol köp ýyllar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň diller institutynda zähmet çekýär. 1973-nji ýylda A.Mämmedow «Gündogaryň şygryýetinde türkmen temasy» diýen ugur boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar, 1991-nji ýylda bolsa – ol eýýäm filologiýa ylymlarynyň doktory bolýar. A.Mämmedowyň ýazan ylmy makalalarynyň sany 200-den geçýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň döredilmegi Ahmet Mämmedowyň edebiýatşynaslyk hem-de ylmy işleriniň hemmetaraplaýyn we köp görnüşde ýüze çykan ýerine öwrüldi. Ylmy-barlag işleri yzly-yzyna peýda bolýar. Olaryň köpüsi Magtymgulynyň döredijiligine, ömrüne we alyp baran işlerine bagyşlandy. Şygryýetiň ägirt zehininiň döredijiligi bilen meşgullanmak ony Magtymgulynyň goşgularyny Merkezi Aziýa sebitiniň halklarynyň dillerine terjime etmek boýunça özbek edebiýatşynaslary bilen bilelikde işlemäge alyp barýar. Ahmet Mämmedowyň özbegistanly kärdeşleri bilen ýakyn döredijilik gatnaşyklary emele gelýär. Şoňa görä-de, şahyryň goşgularynyň terjimeleriniň örän köpüsi özbek diline geçirilýär.

Magtymgulynyň döredijiligini ylmy taýdan düýpli öwrenijiler – özbek şahyrlary we alymlary Kerimbaý Kuranbaýew hem-de Ergaş Oçilow terjimeçilik boýunça ýakyn kärdeşleriniň birine öwrülýärler. E.Oçilow 2017-nji ýylda Daşkendiň «TASVIR» neşirýatynda Magtymgulynyň özbek dilindäki saýlanan şygyrlarynyň ýygyndysyny çykarýar. Kitap Özbegistanyň Prezidenti Ş.Mirziýoýewiň giriş sözi bilen açylýar.

Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesiniň Özbegistanyň hökümetiniň çözgüdine laýyklykda, doganlyk özbek halky tarapyndan hem giňden bellenilýändigi bize oňat bellidir we doly düşnüklidir. Magtymgulynyň şygryýeti ýaýran hem-de beýiklige eýe bolan dünýäniň köp sanly beýleki ýurtlarynda hem olaryň halklary tarapyndan şanly sene baýram edilýär.

Biziň neşirýatçylarymyz tarapyndan ýörite Magtymgulynyň şygryýetiniň şanly senesine bagyşlap, Ahmet Mämmedowyň «Magtymguly türki halklaryň edebiýatynda» diýen kitaby çykaryldy. Şonda Gündogaryň ajaýyp akyldarynyň öçmejek döredijiliginiň türki dilli ýazyjylar tarapyndan öwrenilişi barada, Magtymgulynyň türki dillerdäki şahyrana ýygyndylarynyň dürli neşirleri barada ýazylan uly makalalar jemlenipdir. Awtor türki dilli okyjylaryň Magtymguly Pyragyny özleriniň milli şahyry diýip hasaplaýandyklaryny belleýär. Alym we şahyr Ahmet Mämmedowyň täze kitabynda gyzykly ylmy maglumatlar toplanypdyr.

Häzir Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar merkeziniň ylmy işgäri Döwlet Ahmedowiç Mämmedow (Ahmet Mämmedowyň ogly) şeýle ýatlaýar: «Ömrüniň soňky ýyllarynda kakam beýik Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada täze kitaplary taýýarlamagyň üstünde yhlasly işledi, şolaryň käbirleri eýýäm, kitap dükänlarynda peýda boldy, beýlekileri bolsa çykmagy üçin nobatyna garaşýar. Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi şeýle bir baý welin, häzirki nesiller Gündogaryň beýik şahyrynyň eserleriniň häzire çenli belli bolmadyk täze-täze syrlaryny indi açmalydyrlar. Kakamyň köp sanly şägirtleriniň bardygy hem begendirýär, olar hem biziň beýik şahyrymyzyň döredijiligi bilen çynlakaý meşgullanýarlar». 

Magtymguly – türkmen halkynyň beýik ogly, onuň filosofik we şygryýet mirasy tutuş Gündogara hem-de umuman alanyňda bütin dünýä degişlidir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça şahyryň doglan gününiň şanly senesini baýram etmäge dünýäniň köp ýurtlaryndan myhmanlaryň hem-de nusgawy şahyrymyza belent sarpa goýýanlaryň Aşgabada gelmekleri hem tötänden däldir.