Ï «Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň ikinji gezek çempiony boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň ikinji gezek çempiony boldy

view-icon 239
«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň ikinji gezek çempiony boldy

«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň çempiony diýen ady saklap galdy. Döwlet derejeli şäheriň adybir topary milli çempionat gutarmazdan bäş tapgyr öň Balkanabadyň «Nebitçi» toparyny 28-nji tapgyryň soňa goýlan duşuşygynda 5:1 hasabynda utup, şu üstünligi möhletinden öň gazandy.

Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginde geçirilen bu duşuşyk «Arkadag» toparynyň artykmaçlygynda geçdi, onda Arslanmyrat Amanow (8-nji minutda), Mirza Beknazarow (23-nji minutda), Nazar Towakelow (35-nji minutda), Mekan Saparow (59-njy minutda) we Enwer Annaýew (83-nji minutda) tapawutlandylar. Myhmanlardan Baýramgeldi Nurlyýew (37-nji minutda) oýun 3:0 hasabyndaka pökgini geçirdi. Meýdança eýeleri 76-njy minutda Arslanmyrat Amanowyň meýdançadan çykarylmagy sebäpli oýny azlykda tamamladylar. Şeýle bolsa-da, bu ýagdaý «Arkadag» toparynyň uly hasap bilen ýeňiş gazanmagyna päsgel bermedi. 25 duşuşykda 75 utuk toplan, bu toparyň futbolçylary beýleki garşydaşlaryna elýeterli bolmady.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy düzümini emele getirýän «Arkadag» futbol topary 2023-nji ýylda döredilipdi, ol ilkinji gezek çykyş eden ýylynda goşa üstünlik gazandy, Türkmenistanyň çempionatynda ýeňdi we Kubogyny eýeledi. Döredileli bäri bu toparyň milli çempionatyň resmi duşuşyklarynda ýekeje utuk hem ýitirmändigini we ikinji gezek Türkmenistanyň çempiony bolandygyny bellemelidiris. Türkmenistan milli ýygyndysynyň 44 ýaşly ozalky tanymal hüjümçisi, Groznynyň «Terek» toparynyň düzüminde 2003/04-nji ýylda Russiýanyň Kubogynyň eýesi we «Balkan» toparynyň düzüminde 2013-nji ýylda AFK-nyň Prezidentiniň Kubogynyň eýesi Wladimir Baýramow «Arkadag» toparynyň baş tälimçisi hökmünde bu üstünlige ýetirdi.

23 duşuşykdan soň 52 utuk bilen ikinji we üçünji orny paýlaşýan «Altyn asyr» we «Ahal» topary kümüş medallar ugrunda bäsleşýärler. Bu toparlaryň arasynda birinji aýlawyň duşuşygynda «Altyn asyr» topary 2:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Ikinji duşuşykda garşydaşlar – 2:2 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Üçünji duşuşykda bolsa «Ahal» topary 2:0 hasabynda utdy. Kümüş we bürünç medallaryň eýesi 17-nji dekabrda geçiriljek dördünji tapgyryň iň soňky duşuşygynda belli bolar

«Arkadag» topary şu aýda 2024/2025-nji ýyl möwsüminde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ilkinji duşuşygynda hakyky synag garaşýar, onda geografiýa ýerleşişi boýunça Günbatar we Gündogar zolaga bölünen, ähmiýeti boýunça Aziýanyň üçünji derejeli klub ýaryşyna 18 topar gatnaşar. 

Bijä görä, «Arkadag» futbol topary «B» toparça düşdi, ol Maldiwlerden «Maziýa Sports and Rekrieýşn», Gyrgyzystandan «Abdyş-Ata» we Kuweýtden «Al-Arabi» futbol toparlary bilen duşuşar. Oýunlaryň ählisi Kuweýtde geçiriler. «Arkadag» topary ilkinji duşuşygyny 26-njy oktýabrda «Maziýa» futbol topary bilen oýnar. Soňra Türkmenistanyň iki gezek çempiony 29-njy oktýabrda «Abdyş-Ata» bilen duşuşar, toparçadaky çykyşyny 1-nji noýabrda «Al-Arabi» topara garşy oýun bilen jemlär.

Toparçalardaky oýunlaryň netijeleri boýunça sekiz topar: üç toparyň ýeňijisi we Günbatar zolakda ikinji orunlary eýelänleriň güýçlisi, şeýle hem Gündogar zolakdan her topardan güýçlileriň ikisi çärýek finala çykar.

Toparlaýyn tapgyra gatnaşany üçin toparlaryň ählisine ABŞ-nyň 100 000 dollary berilýän AFK-nyň Çagyryş ligasy Aziýanyň ösýän ligalaryndan klublary öňe sürmäge we olaryň zehinini görkezmäge gönükdirilendir.