Ï «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Raja Ali Hajy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Raja Ali Hajy

view-icon 2208
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Raja Ali Hajy
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini nygtaýar.

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütin dünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-si oturdyldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy okyjylary, aýratyn-da, çagalary we ýetginjekleri «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyny bezeýän ýazyjylaryň hem-de şahyrlaryň ýadygärlikleri we olaryň ömri hem-de döredijiligi bilen tanyşdyrmagy dogry hasaplady. Bu bolsa bu ýerde heýkelleri oturdylan öz döwrüniň ussatlarynyň käbirleriniň Türkmenistanda bolandyklary üçin hem möhümdir. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy olar barada maglumatlary beýan edip, ýazyjylar we şahyrlar barada habarlaryň, mümkin boldugyça, dolulygyna ýetirmäge çalşar, çünki örän köp wagtyň geçendigi sebäpli olaryň köpüsi barada örän az maglumatlar saklanyp galypdyr. 

Biziň şu günki gysgaça gürrüňimiz malaý halkynyň şahyry, edebiýatçy we taryhy beýan ediji Raja Ali Hajy barada.

Raja Ali Hajy Britan Malaýýasynyň Selangor şäherinde (käbir çeşmelerde onuň Penýengatda dogulandygy tassyklanylýar) 1808-nji ýa-da 1809-njy ýylda dünýä inýär. Ol bugisler halkynyň wekili, Selangoryň soltanynyň daşky nesli.

Ol özüniň ilkinji bilimini Penýengatda alýar we şol ýerde onuň çagalyk döwri geçýär. Onuň sowatlylyk we edebiýat işi bilen meşgullanmagyna köpbabatda kakasy Engk Hajy sebäp bolandyr. Onuň irki şairleriniň birnäçesini (şair – malaý we indoneziýa edebiýatyndaky žanr) kakasy bilen bilelikde ýazypdyr. 

Raja Ali Hajy malaý diliniň ilkinji milli grammatikasyny hem-de malaý diliniň ilkinji düşündirişli sözlügini düzüjidir.

Raja Ali Hajy grammatika bilen bir hatarda malaýlylaryň taryhyny-da yhlasly öwrenipdir. «Malaý we Bugisleriň nesil sejeresi», «Gymmatly sowgat» ýaly taryhy işleri, şeýle hem «Abdul Mulugyň şygryýeti» poemasy, «12 bölümde Gurindamlar» atly öwüt-nesihat beriji ikileme şygyrlaryň ýygyndysy onuň galamyna degişlidir.

Onuň döredijiliginde aşakdaky eserler: «Patyşanyň wezipeleri», «Yhlasyň miweleri» we «Dil bilimleriniň kitaby» görnükli orun eýeleýär.

Raja Ali Hajy 1873-nji ýylda dünýäden ötýär.

Onuň öz ýurdunyň öňünde bitiren hyzmatlary, geljekki nesillere goýan gymmatly eserleri, şeýle hem ylmy ösdürmekdäki uly goşandy üçin Malaýziýada köp uniwersitetler, medeni-taryhy edaralar, metjitler, sport toplumlary we köçeler onuň adyny göterýär. 2004-nji ýylda oňa Indoneziýanyň milli gahrymany diýen at berildi.