Ï Parahatçylyk döredijilikli syýasat we halkyň tutanýerli zähmeti — üstünlikleriň gözbaşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Parahatçylyk döredijilikli syýasat we halkyň tutanýerli zähmeti — üstünlikleriň gözbaşy

view-icon 2374

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary öz beýanyny tapdy. Şol syýasatyň baş maksady ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmakdan, parahatçylyk döredijilik ýoluna ygrarlylykdan, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň 14-nji oktýabrda geçiren iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmegiň, maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin zerur möçberde ot-iým taýýarlamagyň, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamagyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Hormatly Prezidentimiz güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinleri bilen içerki bazarlarymyzy doly üpjün etmek babatda zerur çäreleriň görülmegini tabşyrdy. Şeýle-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň hilini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

18-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak, dokma senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek, demir ýol ulagy pudagynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meseleler bar. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň Döwlet etalon merkeziniň hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň barlaghanalaryny halkara ölçeglere laýyklykda akkreditasiýadan geçirmek baradaky teklip hödürlenildi. Şeýle-de Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda nah ýüplük, nah we tüýjümek matalary, taýýar tikin önümlerini öndürýän dokma toplumynyň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça teklip hödürlenildi. Munuň özi importyň ornuny tutýan ýokary hilli, ekologik taýdan arassa dokma önümlerini öndürmäge, olary eksport etmäge hem-de täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz demir ýol ulagy pudagynyň işini halkara derejede kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi goldady.

Mejlisde ýakynda geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi. Şu ýylyň 23 — 25-nji oktýabry aralygynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024” atly XXIX halkara maslahaty we sergini geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi baýram etmegiň çäklerinde ugurdaş halkara sergi we maslahat geçiriler. Şunuň bilen bir hatarda, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda “Bäherden” keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görülýär. Şu ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli çäreler guralar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda, Aşgabatda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça bäsleşikleriň geçiriljekdigini bellemek gerek. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň noýabr-dekabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe halkara ylmy-amaly maslahatlar geçiriler.

Şu ýylyň 15 — 17-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Pakistan Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn meseleleriň biri boldy. Türkmen tarapynyň çykyşynda ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda, maýa goýum işi ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, hususy pudagyň ugry boýunça, aýratyn-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Işewürler geňeşiniň arasynda göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edildi.

Iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistanyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif bilen duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň giň toplumyna garaldy. Şeýle hem saparyň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýeti Pakistanyň energetika ministri bilen gepleşikleri geçirdi. Dostlukly ýurduň bilim ministri bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen ýurdumyzy däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belläp, bu düzüm bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda” Karara gol çekdi.

14-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşligini geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Özbegistanyň Prezidenti Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen ýokary wekilçilikli foruma gatnaşmak baradaky çakylyk hem-de “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanandygy üçin hoşallyk bildirdi we Aşgabatda geçirilen halkara maslahatyň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, oba hojalyk pudaklaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Mejlisinde ýurdumyzyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi. Onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul edildi. Bu çäräniň çäklerinde geçirilen türkmen-koreý geňeşme maslahatynyň ikinji mejlisinde dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, parlament diplomatiýasyny ulanmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar, parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşyklary geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dünýäniň habar beriş serişdeleri ýokary wekilçilikli forumyň işi, onda beýan edilen pikirler, forumyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar barada giňişleýin maglumatlary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň forumdaky çykyşyndan bölekler millionlarça okyjysy bolan iri habarlar agentlikleriniň sahypalarynda çap edildi. Iri sebit neşirleri milli habarlar agentlikleriniň maglumatlaryna salgylanmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylaryň medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýetini aýratyn nygtandyklaryny habar berdiler. Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri wekilçilikli halkara forumyň sebit hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine oňyn täsirini belläp, özara gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesiniň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini tassykladylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda guralan Magtymguly Pyragynyň özbek we gyrgyz dillerine terjime edilen goşgular ýygyndylarynyň tanyşdyrylyş dabaralary halklarymyzyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň nobatdaky beýany boldy.

Aşgabatda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary S.Ziýozodanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet paýtagtymyza geldi. Mejlisde söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny öz içine alýan meseleleriň giň toplumy, energetika pudagy, ulag-logistika, oba hojalygy, senagat, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine laýyklykda, geňeşiň geçen ýylyň sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde geçirilen 36-njy mejlisinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişi, GDA agza döwletleriň 2022 — 2024-nji ýyllarda durmuş-zähmet pudagynda hyzmatdaşlygynyň netijeleri hem-de geljek üçin göz öňünde tutulýan wezipeler, Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlarda durmuş-zähmet pudagyndaky ýagdaýlar barada maglumatlar diňlenildi.

Başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistan durmuş ugurly syýasaty amala aşyrmakda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Bu syýasat adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip yglan edýän ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň esasy düzgünlerine berk eýermek esasynda alnyp barylýar. Maslahat beriş geňeşiniň agzalary görülýän çäreleriň utgaşdyrylýandygyny, uzak möhletli, üstünlikli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin berk hukuk binýadynyň we syýasy erkiň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.

Türkmen oba hojalyk institutynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirildi. Sanly ulgam arkaly guralan zehin bäsleşiginiň baş maksady BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary bilen baglylykda, oba hojalygy pudagynda ýüze çykýan möhüm meseleleri öwrenmek we çözmek üçin talyplaryň ylmy garaýyşlaryny, ukyp-başarnyklaryny, döredijilikli çemeleşmelerini ösdürmekden ybarat boldy. Işler oba hojalyk taslamalary, maglumat tehnologiýalary taslamalary we işewürlik taslamalary boýunça üç ugra bölündi. Bäsleşige Russiýa Federasiýasyndan, Belarusdan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Ýaponiýadan, Botswanadan, Germaniýadan 26 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Taslamalaryň 100-si bolsa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 16-synda bilim alýan talyplara degişlidir.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň maksatnamasy giň gerimli çäreleri öz içine aldy. Onuň çäklerinde Adygeýiň «Nalmes» halk tanslary döwlet akademiki ansamblynyň çykyşlary, P.I.Çaýkowskiniň we S.W.Rahmaninowyň eserleriniň nusgawy saz konserti, fotosuratçylaryň işleriniň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Russiýaly sungat işgärleri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylary üçin ussatlyk sapagyny geçdiler.

Milli “Ak bugdaý” muzeýinde öz işini ýurdumyzyň gadymy ýadygärliklerini öwrenmäge bagyşlan meşhur alymlar, arheologlar, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýeleri Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy” atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň guramagynda geçirilen foruma türkmen we rus alymlary gatnaşdylar. Italiýanyň, Çehiýa Respublikasynyň alymlary oňa sanly ulgam arkaly goşuldylar.

Paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly geçirildi. Bu çäre şu ýylda gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraldy. Öz iň gowy sahna oýunlary bilen çykyş eden artistleri, suratkeşleri we ýazyjylary bir ýere jemlän bu döredijilik çäresi türki dilli halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, gurama agza ýurtlaryň sungat ussatlarynyň arasynda döredijilik alyşmalary üçin meýdança döretmäge gönükdirildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga, berk ykdysady, ruhy we durmuş binýady bolan döwlet hökmünde ýurdumyzyň içerki ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen syýasatyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.