Ï 2024-nji ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2024-nji ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

view-icon 4583

Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy giňden bellenilen şu ýylyň sentýabr aýy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasatyny, giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

2-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk we «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen geçiren duşuşyklarynyň dowamynda birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýändigi bellenildi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda hemişe ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri ileri tutýar, innowasion tehnologiýalary, ykdysady taýdan netijeli çözgütleri giňden goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda döwlet we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakda döwrebap tehnologiýalaryň, ýokary öndürijilikli enjamlaryň işe ornaşdyryljakdygyna ynam bildirildi.

3-nji sentýabrda Daşary işler ministrliginde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şol sanda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde geçirilen türkmen-şwed syýasy geňeşmeleriniň dowamynda ekologiýa, ulag, energetika ulgamlarynda, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, terrorçylyga garşy göreşmek babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, ÝB-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek meselelerine garaldy.

4-nji sentýabrda Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşyklar geçirildi. Onda adam hukuklary babatda halkara borçnamalary ýerine ýetirmegiň, Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hem-de Çaga hukuklary baradaky komitetleriň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça hödürlenen teklipleri durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar BMG bilen adam hukuklary ulgamynda bilimler ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

4-nji sentýabrda Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirilen «World Smart City Expo 2024» atly halkara sergide Arkadag şäheri «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly 3 sany baýraga mynasyp boldy. Şunda «Iň tapawutlanan «akylly» şäher» diýen baýraga diňe Arkadag şäheriniň mynasyp bolmagy aýratyn buýsançlydyr.

5-nji sentýabrda Finlýandiýa Respublikasynyň Helsinki şäherinde türkmen wekiliýetiniň hem-de bu ýurduň öňdebaryjy maliýe kompaniýalarynyň gatnaşmagynda «tegelek stol» duşuşygy geçirildi. Onda energetika, ulag-aragatnaşyk, oba we suw hojalygy, senagat, innowasion tehnologiýalar, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, saglygy goraýyş we derman senagaty, «akylly» şäher, meteorologiýa, bilim ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

6-njy sentýabrda Daşary işler ministrliginde Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Baş sekretary Umberto de Pretto bilen geçirilen duşuşygyň barşynda multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini, halkara logistika merkezlerini mundan beýläk-de ösdürmegiň, ulag ulgamyny sanlylaşdyrmagyň, BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary topary bilen özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine üns çekildi.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwleti awtordaş bolup çykyş etdi. Baş Assambleýa öz Kararnamasy bilen ýurdumyzda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan ägirt uly işleri goldady.

8-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen geçiren duşuşygynda Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň çarwa taýpalaryň medeni aýratynlyklarynyň saklanyp galmagyna, gaýtadan dikeldilmegine ýardam berýändigini, dürli ýurtlaryň wekilleriniň gadymy däp-dessurlar bilen tanyşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini belledi. Bu ýaryşlarda biziň ýurdumyza 29 türgen wekilçilik etdi. Olar göreş, ýaýdan ok atmak we milli oýunlaryň beýleki görnüşleri boýunça başarnyklaryny görkezdiler.

9-njy sentýabrda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, geriminiň giňeldilmegine ýardam berýän bilelikdäki çäreleri geçirmek üçin iki ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda sebit gün tertibiniň birnäçe ugurlaryna, halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň, YHG-niň çäklerinde özara hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy.

9-njy sentýabrda Daşary işler ministrliginde halkara maýa goýum forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we ösüş ministrliginiň sebitleýin ösüş boýunça direktory Sara Kuper bilen geçirilen duşuşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, şol sanda howanyň üýtgemegi, «ýaşyl» tehnologiýalar, hususy telekeçiligi ösdürmek we ýurdumyzda iňlis dilini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek babatda halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

10-njy sentýabrda Daşary işler ministrliginde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň halkara hukuklary boýunça ýörite geňeşçisi Sara Minkara bilen geçirilen duşuşykda BMG-niň Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary hakynda Konwensiýasyny we onuň goşmaça Teswirnamasyny durmuşa geçirmegiň, ABŞ bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekildi.

11-nji sentýabrda däp bolan türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylyk we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýazgysynda täze, möhüm sahypa açyldy. Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermäge, Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmäge bagyşlanan dabaralar munuň aýdyň güwäsidir.

Şol gün türkmen-owgan serhedinde Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däplerinden ugur alnyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Owganystanyň halkyna çaga iýmitinden, azyk önümlerinden, bugdaýdan, senagat önümlerinden, ýangyç serişdelerinden ybarat bolan ynsanperwerlik kömegi iberildi.

12-nji sentýabrda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda «Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek» we «Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek» atly mowzuklar boýunça brifing geçirildi. Onda sebit merkeziniň geljekki işiniň möhüm ugurlaryna, bu ulgamda hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Wengriýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýožef Roža bilen geçirilen duşuşykda halkara hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça işjeňleşdirmegiň meseleleri babatda pikir alşyldy.

13-nji sentýabrda BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça täze sebitleýin wekili Oliwer Stolpe bilen geçirilen duşuşykda häzirki döwrüň ählumumy howplaryna, hususan-da, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, korrupsiýa, terrorçylyga garşy göreşmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň netijelerine, bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň geljegine garaldy.

14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty dürli ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ýakyn gatnaşyklaryň, olaryň ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli çärelere işjeň gatnaşmagynyň döwletimiz tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň güwäsi boldy. Kowçum bolup ýaşaýan watandaşlarymyzyň wekilleri bilen gatnaşyklary berkitmek daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu syýasat parahatçylygyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

15-nji sentýabrda Türkmenistanyň we Yrak Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ugurlaryň giň gerimi boýunça döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

16-njy sentýabrda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň, Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk infrastrukturalarynyň desgalaryny işe girizmek hem-de düýbüni tutmak dabaralarynyň netijeleri boýunça brifing görnüşli halkara amaly maslahat geçirildi.

Şol gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň BSG-ä agza bolmak departamentiniň direktory Maýka Oşikawanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar ýurdumyzyň bu gurama agza bolmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

16-njy sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde geçirilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (MAGATE) Baş konferensiýasynyň 68-nji sessiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Maslahatyň çäklerinde MAGATE-niň Baş direktory Rafael Grossi we onuň orunbasary Lýu Hua bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda agentlik bilen saglygy goraýyş, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini dolandyrmak ugurlarynda ýadro energiýasyndan parahatçylykly peýdalanmak babatda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.

Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýd hem-de Russiýa, Gündogar Ýewropa we Günorta Kawkaz, Gündogar hyzmatdaşlygy, Türkiýe we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň başlygy Gerhard Saýler bilen geçirilen duşuşyklarda Türkmenistan bilen СTBTO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, ýurdumyzyň Awstriýa Respublikasy bilen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Hökümeti BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanalary, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň jemleýji milli maslahatyny geçirdi. Maslahatyň maksady ýaş nesilleriň howanyň üýtgemegi, onuň durmuş-ykdysady ösüşe, daşky gurşawyň durnuklylygyna we biodürlülige ýetirýän täsiri barada habarlylygyny ýokarlandyrmakdan, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga we täsirini gowşatmaga ýardam berýän öňdebaryjy çözgütleri durmuşa geçirmäge umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamakdan ybarat boldy.

16-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Arkalaşyga agza ýurtlarda oba hojalyk ekinleriniň seçgiçiliginiň, ekinleriň görnüşleriniň synagdan geçirilişiniň, tohumçylygyň, şitilhanalaryň ýagdaýy, üzümiň we miweli agaçlaryň nahallary bilen üpjün etmek babatda seçgiçiligiň eýeleýän orny barada aýdyldy.

23-nji sentýabrda Daşary işler ministrliginde Koreýa Respublikasynyň ýer, infrastruktura we ulag ministri Sangwo Park bilen geçirilen duşuşykda şähergurluşyk, seýsmologiýa, ulag ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekildi.

26-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatorynyň orunbasary — hökümetiniň başlygy Denis Afanasýew bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ulag, logistika, bilim, medeniýet, gämi abatlaýyş ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogan, «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer, «Buig» kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buig, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buig we «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andre, «John Deere» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýko bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

26 — 28-nji sentýabrda ýurdumyzyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherinde saparda boldy. Saparyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretary we onuň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy, BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy we parahatçylygy döretmek meseleleri boýunça orunbasary; Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary, ÝHHG-niň Baş sekretarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Jedelleriň öňüni almak boýunça merkeziniň ýolbaşçysy, BMG-niň Baş sekretarynyň parahatçylyk döredijilikli amallar boýunça orunbasary; Malta Respublikasynyň, Çehiýa Respublikasynyň, Serbiýa Respublikasynyň, Kipr Respublikasynyň, Yrak Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň, Kamboja Patyşalygynyň, Albaniýa Respublikasynyň, Portugaliýanyň, Filippinleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklar geçirildi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde «C5+1» formatyndaky duşuşyklarda ugurlaryň giň toplumy boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

30-njy sentýabrda Daşary işler ministrliginde ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) Aziýa býurosynyň dolandyryjysynyň kömekçisiniň orunbasary Anžali Kaur bilen geçirilen duşuşykda ykdysady, logistika, metan zyňyndylaryny azaltmak, durmuş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garaldy.

Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen köp sanly maslahatlar, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, forumlar, döredijilik duşuşyklary, çykyşlar ata Watanymyzyň öňdengörüjilikli ösüş strategiýasynyň hem-de daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky beýany boldy.