Ï Daşoguz welaýaty küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatyna ýaryşlaryň saýlama tapgyryny açdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýaty küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatyna ýaryşlaryň saýlama tapgyryny açdy

view-icon 1156
Daşoguz welaýaty küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatyna ýaryşlaryň saýlama tapgyryny açdy

Daşoguz welaýatynyň 4-nji sport mekdebinde badalga berlen 2025-nji ýylyň küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligasynyň saýlama ýaryşlary oňa gatnaşyjylaryň 69-syny bir ýere jemledi. 

Erkekleriň toparynda derejesini artdyrmak ugrundaky ýaryşlarda 51 küştçi, zenanlar toparynda 18 küştçi güýç synanyşar. Geçen ýyl ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde şeýle ýaryşa nusgawy küşt boýunça FIDE-niň görkezijisine eýe bolan oýunçylaryň bary-ýogy dördüsiniň gatnaşandygyny, şu ýyl bolsa welaýatda abraýly halkara görkezijisine eýe bolanlaryň sanynyň 20-ä çenli artandygyny bellemek gerek.

Daşoguz welaýatynyň ýaryşy küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty-2025-iň birinji ligasyna gatnaşmak üçin ilkinji saýlama tapgyry boldy. Indikisi Aşgabat tapgyry bolup, ol 28-nji oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda geçiriler hem-de Balkan we Ahal welaýatlary üçin saýlama ýaryşlary özünde jemlär. Soňra 4–8-nji noýabry aralygynda Türkmenabadyň 13-nji sport mekdebinde Lebap welaýaty boýunça saýlama tapgyry geçiriler. Jemleýji saýlama ýaryşlary Mary welaýatynda 1-nji şäher sport mekdebinde 11–15-nji noýabry aralygynda geçiriler.

Ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndan isleg bildirýänleriň ählisiniň hem saýlama ýaryşlaryň hemme tapgyrlaryna gatnaşyp bilýändikleri, ýöne olaryň beýleki welaýatdan indiki tapgyra çykmak üçin dalaş etmäge hukugy bolmaýar. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň (TKF) Baş sekretary Mergen Kakabaýewiň baha bermegine görä, «bu şert ýaş küştçülere daşary ýurtlara çykmak zerurlygy bolmazdan, şu iki aýda ýaryşlarda depginli tejribe almaga mümkinçilik berýär».

«Saýlama tapgyrlaryň we umuman, welaýatlaryň her birinde köp sanly ýaryşlaryň geçirilmegi Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň maksada gönükdirilen syýasatydyr, çünki her bir küştçiniň paýtagta gelmäge mümkinçiligi ýok. Şeýlelikde, uzaklardaky etraplarda zehinli küştçi ýaşlarda mümkinçilik hem-de degişlilikde, öz başarnyklaryny görkezmäge we ýurdumyzyň ýygyndy toparyna düşüp bilmek mümkinçiligi üçin ähli saýlama tapgyrlaryndan geçmäge höwes döreýär» diýip, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýew belleýär.

2025-nji ýylyň başynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji liganyň oýunlaryna gatnaşmaklary üçin welaýatlardan saýlanylyp alnan küştçülere erkekleriň arasynda «sport ussatlygyna dalaşgär» diýen we ondan ýokary ada hem-de zenanlaryň arasynda 1-nji we ondan ýokary derejä eýe bolanlar goşularlar. Olar Şweýsariýa düzgünine laýyklykda geçiriljek bir ýaryşda 2025-nji ýylyň küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasyna gatnaşmaga hukuk berýän üç ýollanma ugrunda bäsleşerler.

2024-nji ýylda iň güýçlileriň ligasynda ilkinji dört orny eýelänler, şeýle hem ýakynda tamamlanan Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşda ýeňiji bolanlaryň (erkekleriň we zenanlaryň arasynda) hersinden biri, eýýäm nobatdaky ýokary liga gatnaşmaga hukuk aldylar. Bu ýaryş finalçylaryň 8-siniň arasynda iki tapgyrda aýlaw ulgamy boýunça geçiriler. Ýokary liganyň iň oňat erkek we zenan küştçüleriniň bäşisi 2025-nji ýyl üçin erkekler we zenanlar ýygyndy toparlarynyň düzüminde çykyş ederler.

Şu ýylyň mart aýynda şeýle ýörelge esasynda döredilen ýygyndy toparlar şondan bäri depginli taýýarlandylar we sentýabrda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, erkekleriň «B» toparynda hem-de zenanlaryň «C» toparynda kiçi altyn medallary eýelediler.