Lebap welaýat çagalar sungat mekdebinde Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli nusgawy kompozitorlaryň saz eserlerinden düzülen dabaraly konsert berildi.
Tejribeli sungat işgärleriniň zähmet çekýän bu mekdebiň mugallymlarynyň hem-de zehinli okuwçylarynyň taýýarlan «Magtymguly, sözlerim, saza goşsaň uz bolar» ady bilen geçirilen konsertine welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet müdirliginiň hünärmenleri, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň hem-de Türkmenabat şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary, şeýle hem sungat mekdeplerinde okaýan çagalar gatnaşdylar.
Konsertiň dowamynda görnükli kompozitorlar Nury Halmämmedowyň, Çary Nurymowyň, Aman Agajykowyň, Gurban Kulyýewiň, Baýram Hudaýnazarowyň, mukamçy kompozitor Ýagmyr Nurgeldiýewiň we beýlekileriň türkmen nusgawy edebiýatynyň sakasynda duran Magtymguly Pyragynyň çuňňur filosofik goşgularyna döreden sazlarynyň hem-de aýdymlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegi bu mekdepde okaýan zehinli ýaşlaryň sungat älemine ynamly gadam basýandyklaryny buýsanç bilen subut etdi. Mekdebiň «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar», «Kirişli saz gurallar», «Halk saz gurallar» we «Milli saz gurallar» bölümleriniň, şeýle hem «Hor we fortepiano», «Sazyň taryhy we nazaryýeti» bölümleriniň mugallymlarynyň öz zehinli ýaş şägirtleri bilen bilelikde dana şahyryň «Gözel Şirgazy», «Gördüňmi» we beýleki goşgularyna döredilen aýdymlarydyr sazlaryny kämil derejede ýerine ýetirmekleri dabara gatnaşyjylary saz älemi bilen bilelikde beýik Magtymguly Pyragynyň keremli şygryýet dünýäsine hem seýle çykardy.
Ýeri gelende, Lebap welaýat çagalar sungat mekdebinde okaýan zehinli okuwçylaryň döwlet we halkara derejesinde geçirilýän sungat bäsleşiklerine gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýändiklerini bellemek buýsançlydyr. Ýaňy-ýakynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen GDA agza döwletleriň birinji açyk çagalar Delfiý oýunlaryna bu sungat mekdebinde okaýan çagalaryň üçüsiniň gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmekleri, bäsleşikde mekdebiň «Skripka» hünäriniň 3-nji synp okuwçysy Milara Tahyrjanowanyň 3-nji baýrakly orna eýe bolmaklygy ýokarda aýdylanlary aýdyňlygy bilen subut edýär. Lebap welaýat çagalar sungat mekdebinde geçirilen bu dabaranyň dowamynda bäsleşiklerde ýeňiji bolan okuwçylara Hormat hatlarynyň, diplomlaryň we sowgatlaryň gowşurylmagy ýaş zehinleriň ruhy dünýäsini has-da galkyndyryp, geljekki üstünliklere ruhlandyrdy.