Ï Alabaý itleri iň mähirli haýwandyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Alabaý itleri iň mähirli haýwandyr

view-icon 2384
Alabaý itleri iň mähirli haýwandyr

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ynsanyň wepaly dosty – türkmen alabaýy» sergisi açyldy.

Muzeýiň işgärleri öz hünär ugruna eýerip, esasy milli gymmatlyklaryň arasynda sergä gelenleri arheologiki tapyndylar, Goňurdepede geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan itleriň toýundan ýasalan heýkeljikleri bilen tanyşdyrdylar. Tapyndylar biziň eýýamymyzdan öňki III we II asyrlara degişlidir. Merwde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan beýleki bir arheologiki tapyndyda itleriň orta asyrlara degişli heýkeljikleri bar. Şeýlelik bilen, serginiň guramaçylary adam bilen onuň wepaly dostunyň asyrlarboýy ýakyn arabaglanyşygyny ylmy taýdan delillendirdiler.

Geçen asyryň 40-njy ýylyndaky iki ak-gara fotosuratda Moskwadaky Bütinsoýuz oba hojalygy sergisinde birinji orny eýelän iki alabaý iti – Arlan we Gökje şekillendirilipdir. Kellesi uly, gujurly, iri alabaýlaryň keşbi-de haýran edýär. Şeýle bolsa-da, olaryň gözleri mähirli, akylly jandarlar. Alabaý itlerini görseň, uzyn gün keýpiň çag bolýar. Zanny akylly we adama wepaly alabaý itleri çopanlaryň we serhetçileriň ýakyn kömekçisidir.

Sergide Aşyr Kulyýewiň «Ençeme asyrlyk arzuwlary amala aşyran Arkadag» atly fotoreproduksiýasy (kiçeldilen nusgasy), Gurban Baýramowyň «Çyn dostlar» suraty, Parahat Gapançyýewiň «Şöhratly geçmişden röwşen geljege» suraty, Gunça Ýazmuhammedowanyň, Saparmämmet Meredowyň we beýleki suratkeşleriň işleri görkezilýär. Alabaý iti çekilen suratlaryň watanperwer ady türkmenistanlylaryň ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen ajaýyp alabaý tohum iti üçin milli buýsanjyna şaýatlyk edýär.

Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan maslahatda muzeý işgärleri, teatr sungatyny öwrenijiler, žurnalistler, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Büzmeýin etrap Geňeşiniň wekilleri çykyş etdiler. Bu ýere gelenler serhet gullugynyň serkerdesi Furkatjan Mätgurbanowyň serhetde bolan birnäçe ýagdaýlarda alabaý itleriň görkezen gahrymançylygy barada gürrüňini aýratyn gyzyklanma bilen diňlediler.