Ï Türkmenistanyň iki gezek çempiony «Arkadag» futbol topary ýeňişli ýörişini dowam etdirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň iki gezek çempiony «Arkadag» futbol topary ýeňişli ýörişini dowam etdirýär

view-icon 1171
Türkmenistanyň iki gezek çempiony «Arkadag» futbol topary ýeňişli ýörişini dowam etdirýär

Türkmenistanyň iki gezek çempiony «Arkadag» toparynyň futbolçylary iki ýeňiş gazandy. Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda ýurdumyzyň çempionatynyň soňa geçirilen 29-njy tapgyrynyň duşuşygynda Wladimir Baýramowyň topary «Ahal» toparyny 2:1 hasabynda utdy. Duşuşyk paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçirildi.

Milli çempionat gutarmazdan bäş tapgyr öň ikinji ýyl Türkmenistanyň çempiony diýen ada eýe bolan «Arkadag» topary üçin bu duşuşygyň ähmiýeti ýok bolsa, kümüş medallar üçin göreşýän «Ahal» topary üstünlik gazanan ýagdaýynda wise-çempionlyk ugrunda beýleki dalaşgäri «Altyn asyr» topardan 3 utuk öňe geçip biljekdi.

Duşuşygyň birinji ýarymy iki topara-da üstünlik getirmedi. Duşuşygyň ikinji ýarymy başlan badyna, häzirki çempion 11 metrlik jerime urgusyndan hukuk aldy, ony 47-nji minutda Begenç Akmämmedow dürs urdy. Ol häzirki milli çempionatda 16 pökgi salyp, iň köp pökgi geçirenleriň üçlügine girdi.

90-njy minutda «Ahal» topary Ýagşysähet Döwletgeldiýewiň geçiren pökgüsiniň netijesinde hasaby deňledi, ol «Arkadag» toparynyň ýeňişli ýörişine böwet bolaýjak ýalydy. Emma beýle bolmady. Duşuşyga berlen goşmaça wagtyň 4-nji minudynda Şamämmet Hydyrow «Ahal» toparynyň derwezesine ikinji pökgini girizip, toparyna 2:1 hasabynda ýeňiş getirdi.

Bu ýeňiş geçen ýyl döredilen «Arkadag» toparynyň ýokary ligadaky 50-nji we häzirki milli çempionatdaky 26-njy ýeňşi boldy. Topar 26 oýunda 126 pökgi geçirip, öz derwezesine 19 pökgi goýberip, ýakyn bäsdeşleri «Altyn asyr» we «Ahal» toparlaryndan 26 utuk öňde barýar.

Türkmenistanyň iki gezek çempiony, ähmiýeti boýunça Aziýanyň klub ýaryşlarynda üçünji derejeli «Arkadag» topary 2024-2025-nji ýyl möwsüminde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýaryşyna taýýarlygyň çäklerinde Dubaýda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Emirligiň «Al Hamriýa» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykyp, ikinji ýeňşini gazandy. Geografiki ýerleşişi boýunça Günbatar we Gündogar 2 zolaga bölünen ýaryşa 18 topar gatnaşar. Toparymyza Arslanmyrat Amanowyň (70-nji minutda) we Şanazar Tirkişowyň (90+2 minutda) geçiren pökgüleri ýeňiş getirdi.

Bijäniň netijesinde AFK-nyň Çagyryş ligasy 2024-2025-nji ýylyň ýaryşynda «Arkadag» futbol toparynyň düşen «B» toparçasynda Maldiwlerden «Maziýa Sports and Rekrieýşn», Gyrgyzystandan «Abdyş-Ata» we Kuweýtden «Al-Arabi» futbol toparlary çykyş ederler. Oýunlaryň ählisi Kuweýtde geçiriler. «Arkadag» topary ilkinji duşuşygynda 26-njy oktýabrda «Maziýa» futbol topary bilen oýnar. Soňra Türkmenistanyň iki gezek çempiony 29-njy oktýabrda «Abdyş-Ata» topary bilen duşuşar, toparçadaky çykyşyny 1-nji noýabrda «Al-Arabi» topara garşy oýny bilen jemlär.

Toparlaýyn tapgyryň netijelerine laýyklykda, sekiz topar: üç toparyň ýeňijisi we Günbatar zolakdan ikinji orny eýelänleriň iň güýçlüsi, şeýle hem Gündogar zolakdan her topardan güýçlüleriň ikisi çärýek finala çykar.