Türkmen tennisiniň taryhyna ýene bir şanly sahypa ýazyldy. Gazagystanyň Tennis federasiýasynyň (GTF) çakylygy bilen türkmen hünärmeni Begmuhammet Mommaýew 13-20-nji oktýabr aralygynda Almaty şäherinde geçirilen erkekleriň arasynda «ATP 250 Almaty Open» ýaryşyny guramaga gatnaşdy.
«Çäräni taýýarlamak we üstünlikli geçirmek üçin 2024-nji ýylyň 7–21-nji oktýabry aralygynda gatnaşmagyňyz gerek. Ýaryşa gatnaşyjylar üçin hem, tomaşaçylar üçin-de amatly şertleri döretmekde Siziň ussatlygyňyza we tejribäňize bil baglaýarys» – diýip, Gazagystanyň Tennis federasiýasynyň wise-prezidenti Dias Doskaraýewiň resmi çakylyk hatynda aýdylýar.
GTF-nyň habaryna görä, «ATP 250 Almaty Open» ýaryşy geçirilende Begmuhammet Mommaýew ýaryşa gatnaşyjylary utgaşdyrmak, hasaba alynmagy guramak, meýdançany taýýarlamak, çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, gollanmalaryň öz wagtynda paýlanmagyny üpjün etmek, ýaryş wagtynda işgärleri goldamak, şeýle hem islendik guramaçylyk meselelerini çözmekde we ýüze çykýan kynçylyklary aradan aýyrmak meselelerini çözmäge jogapkär boldy.
«ATP 250» tapgyrynyň ýaryşy erkekleriň arasynda dünýäniň 30 ýurdunda geçirilýän professional tennis ýaryşydyr. Ýaryşyň bu kategoriýasynda 40 ýaryş bolup, olaryň haýsydyr birindäki ýeňşi tennisçä «ATP» (professionla hünärmenler birleşigi) reýtingine 250 utuk getirýär.
Baýrak gaznasy 1 million dollardan gowrak «ATP 250 Almaty Open» ýaryşyna 15 ýurtdan ýokary reýtingli 32 tennisçi gatnaşdy. Ýaryşyň finalynda kanadaly Gabriel Diallony (118 ATP) 6:2, 5:7, 6:3 hasabynda utan 28 ýaşly russiýaly Karen Haçanow ýeňiş gazandy.
Oýun 2 sagat 25 minut dowam etdi. Karen alty eýs ýerine ýetirdi, bir gezek goşa ýalňyş goýberdi we gazanan 19-dan 6 breýk-poýnty amal etdi.
2024-nji ýylyň başynda Haçanow Dohada (Katar) geçirilen «ATP 250» derejeli ýaryşda üstünlik gazandy. Çykyş edýän döwründe Karen ýekelikde ýedinji gezek baýrak aldy. Çenduda, Marselde, Moskwada, Çžuhaýda we Dohada geçirilen ýaryşlarda ýeňiş gazandy. Parižde geçirilen «Masters» ýaryşlar tapgyrynda 2018-nji ýylda bir gezek ýeňiş gazandy. Bu üstünliklerden başga-da, K.Haçanow 2021-nji ýylda Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda kümüş medal eýeledi, Russiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Dewis Kubogyny eýeledi we «Russiýa Federasiýasynyň at gazanan sport ussady» adyna mynasyp boldy.
«ATP 250 Almaty Open» ýaryşynda Begmuhammet Mommaýew oktýabr aýynyň ahyrynda tennis hünärmenleri birleşiginiň reýtinginde 21-nji orunda barýan Karen Haçanow bilen ýadygärlik surata düşdi.
– Ýyldyzlar ýaryşyny guramaçylarynyň hataryna çagyrylmak meniň üçin uly abraý – diýip, B.Mommaýew «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysyna gürrüň berdi. 31 ýaşly sport ussatlygyna dalaşgär Begmuhammet Mommaýew Maryda heniz mekdepde okaýan döwri tennisi halap, oýnap başlandygyny aýtdy. 2009-njy ýylda ýaşy 14-e çenli ýetginjekleriň arasynda Almatyda (Gazagystan) geçirilen ýaryşda ilkinji onluga girdi. Mekdebi tamamlandan soň Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna okuwa girip, 2016-njy ýylda tennis tälimçisi-mugallym hünärini aldy. Häzirki wagtda B.Mommaýew paýtagtyň Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumynyň direktorynyň wezipesini Türkmenistanyň Tennis federasiýasynda tälimçisi işi bilen utgaşdyrýar.
Daşary ýurtda abraýly ýaryşlaryň birine hyzmat etmek üçin türkmen hünärmeniniň çagyrylmagy Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) ykrar edilýändigini we barha artýan abraýyny görkezýär. Şu ýylyň oktýabr aýynda TTF-iň Aziýanyň iň çalt ösýän guramalarynyň biri hökmünde ykrar edilendigini ýatladýarys. Bu Gonkongda (Hytaý) geçirilen Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) Baş Assambleýasynda yglan edildi, onda ATF-iň başlygy Ýuriý Polskiý Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletowa degişli ýadygärlik baýragyny gowşurdy.