Ï «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Huan Ramon Himenes
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Huan Ramon Himenes

view-icon 3004
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Huan Ramon Himenes
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy.

Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini nygtaýar.

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütin dünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-si oturdyldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy okyjylary, aýratyn-da, çagalary we ýetginjekleri «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyny bezeýän ýazyjylaryň hem-de şahyrlaryň ýadygärlikleri we olaryň ömri hem-de döredijiligi bilen tanyşdyrmagy dogry hasaplady. Bu bolsa bu ýerde heýkelleri oturdylan öz döwrüniň ussatlarynyň käbirleriniň Türkmenistanda bolandyklary üçin hem möhümdir. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy olar barada maglumatlary beýan edip, ýazyjylar we şahyrlar barada habarlaryň, mümkin boldugyça, dolulygyna ýetirmäge çalşar, çünki örän köp wagtyň geçendigi sebäpli olaryň köpüsi barada örän az maglumatlar saklanyp galypdyr.

Biziň şu günki gysgaça gürrüňimiz ispan ýazyjysy, öz diliniň iň oňat lirik şahyrlarynyň biri, 1956-njy ýylyň Nobel baýragynyň eýesi Huan Ramon Himenes barada.

Huan Ramon Himenes 1881-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Moger şäherinde doguldy. Ol maşgalada iň kiçi çagady. Çagalygynda Huan Ramon örän arzuwçyl oglanjykdy, ol owadan zatlara uzak wagtlap haýran galyp seredip durup bilýärdi. Ol kaleýdoskopa seretmegi örän gowy görýärdi.

1893-nji ýylda ol iýezuit kollejine okuwa girýär. Üç ýyldan soň, bakalawr derejesini hem-de orta bilim alyp, ol Sewiliýanyň uniwersitetiniň hukuk fakultetine okuwa girýär. 1898-nji ýylda Huan Ramon Himenes uniwersiteti taşlap, şygryýet bilen ymykly meşgullanýar. Ol fransuz şahyrlary Bodleriň, Warleniň, Mallarmeniň şygyrlaryny içgin okaýar

1902-nji ýylda Himenes modernistik ugurly «Gelios» ispan edebi žurnaly döretmek başlangyjy bilen çykyş edipdir. Himenes Fransiýa we ABŞ boýunça gezelenç edipdir. Ol 1913-nji ýylda ABŞ-da Rabindranat Tagoryň terjimeçisi, ýazyjy zenan Zenobiýa Kamprubä duşýar. Soň ol onuň maşgalasyna we kömekçisine öwrülýär. Är-aýal ilki bilen Kuba göçüp gidýär, soňra bolsa ABŞ-da hem-de Puerto-Rikoda ýaşaýar. Himenes birnäçe wagt uniwersitetde okadýar. 1956-njy ýylda Himenes «Liriki şygryýet, ruhubelentligiň we ispan şygryýetinde çeper tämizligiň nusgasy üçin» edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi bolýar. Himenes 1958-nji ýylda aradan çykýar.

Tankytçylar Himenesiň döredijiliginde üç tapgyry tapawutlandyrýarlar – birinji tapgyrda ol Bekkeriň romantik lirikasynyň, Bodleriň hem-de Werleniň fransuz simwolizminiň täsirlerini başdan geçiripdir. Ikinji tapgyrda ol Bleýkiň, Şelliniň, Emili Dikinsonyň we Uilýam Batler Ýeýtsiň işlerindäki ruhubelentlige gaplanýar. Onuň döredijiliginiň üçünji tapgyry ruhy seljermelere hem-de ýiti aýdyňlyga ymtylmaga ýakynlyk bilen tapawutlanypdyr.

Himenesiň edebi mirasynda «Platero we men» atly liriki powest tapawutlanýar. Bu eser Andalussiýa baradaky gysgaça powestlerden hem-de «Üç dünýäniň ispanlary» atly döwürdeş ýazyjylar baradaky esseden ybaratdyr.

Huan Ramon Himenesiň ömrüne degişli wakalar barada 2015-nji ýylda režissýor Antonio Gonsalo tarapyndan «Wagt pursadyndaky ýagtylyk» («Сияние во времени») atly çeper film surata düşürildi.