Ï Durmuşyň ähli ulgamlaryny özgertmek — döwlet syýasatynyň baş maksady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Durmuşyň ähli ulgamlaryny özgertmek — döwlet syýasatynyň baş maksady

view-icon 2141

Geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Bu strategiýa ýurdumyzy innowasion esasda ösdürmäge, döwlet tarapyndan ilata berilýän goldawyň ýokary derejesini üpjün etmäge, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilendir.

28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, hasyly kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň güýjünden netijeli peýdalanylýar. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle-de medeni-durmuş, jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek üçin görülýän çäreler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, ýetişdirilen «ak altynyň» hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygymyň depginini güýçlendirmek, bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli çäreleri görmegiň zerurdygy nygtaldy. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda tabşyryklar berildi.

30-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz we RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri barada pikir alyşdylar. Şunda dostluk, ynanyşmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Syýasy dialog yzygiderli pugtalandyrylýar, işjeň parlamentara hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Taraplar ynsanperwer, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ugurlary boýunça alnyp barylýan gatnaşyklara aýratyn ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigi tassyklanyldy.

1-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Şolaryň hatarynda milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işi we parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleler bar. «Guwlyduz» kombinatynyň önümçiligini giňeltmek, Dokma senagaty ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, güýzki bag ekmek möwsümine, Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Şunuň bilen bir hatarda, ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler barada-da aýdyldy.

8 — 17-nji noýabr aralygynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryş; 13 — 15-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal geçiriler. Onuň dowamynda kinematograflaryň duşuşygy, festiwala gatnaşýan ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilişi, talyplar üçin ussatlyk sapaklary bolar. 14 — 16-njy noýabr aralygynda «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergi hem-de ylmy maslahat guralar. Forumyň çäklerinde «Poçta ulgamyndaky sanly geçiş» atly okuw maslahatyny geçirmek we «Sanly çözgüt — 2024» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň jemini jemlemek meýilleşdirilýär. 27-nji noýabrda paýtagtymyzda ýurdumyz bilen «VISA» amerikan kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara işewürlik forumy geçiriler. Onuň gün tertibine bu kompaniýa bilen strategik hyzmatdaşlygy hem-de halkara töleg ulgamynyň täze tehnologiýalaryny we innowasiýalary özleşdirmäge degişli meseleler giriziler.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kombinatynyň çäginde ýokary hilli duzlary öndürýän täze önümhanany, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça taýýarlanan teklipleri goldap, degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ählumumy metan borçnamasynda bellenen wezipeleri we maksatlary ýerine ýetirmek maksady bilen, 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasynyň» we ony durmuşa geçirmek üçin göz öňünde tutulan çäreler toplumynyň taslamalary hödürlenildi. Bu resminama 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça maksatlaryny ýene-de bir gezek tassyklamaga, dünýä jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky umumy tagallalaryna goşant goşmaga gönükdirilendir.

«Ýol kartasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça dürli halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariaty, degişli ýöriteleşdirilen edaralary, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, beýleki halkara düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barmak meýilleşdirilýär. «Ýol kartasyny» iş ýüzünde amala aşyrmak üçin metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça 2025-2026-njy ýyllarda çäreler toplumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa dürli halkara guramalar bilen bilelikde ylmy-amaly maslahatlary, «tegelek stol» duşuşyklaryny, okuw sapaklaryny we beýleki çäreleri geçirmek, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek babatda daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek ýaly çäreleri öz içine alýar. Şunda innowasion we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ugurdaş gazy gaýtadan işlemek hem-de ulanmak boýunça tehniki-ykdysady esaslandyrmalary taýýarlamak meselesine aýratyn üns çekiler.

2-nji noýabrda ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Çäräniň dowamynda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerini we tälimçilerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle-de Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça guralan ýaryşyň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Maslahatda nygtalyşy ýaly, Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurdumyz ilatyň saglygyny goramak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, sport diplomatiýasynyň adamlary jebisleşdiriji mümkinçiliklerini parahatçylygy, abadançylygy berkitmegiň bähbidine netijeli peýdalanmak babatda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, beýleki halkara düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Bitarap Türkmenistanyň işjeň durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasy dünýäniň we sebitiň ýurtlary bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýär. Paýtagtymyzda geçirilen Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri hem munuň aýdyň güwäsidir. Döredijilik çäresine gatnaşyjylar Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ermeni halkynyň özboluşly medeniýeti, häzirki zaman sungaty, şol sanda kino sungaty bilen giňden tanyşdyrdylar. Bellenilişi ýaly, türkmen we ermeni halklaryny taryhy taýdan şertlendirilen hem-de häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ynsanperwer ugruny düzýän köp umumylyklar baglanyşdyrýar. Iki ýurduň alymlarynyň, medeniýet işgärleriniň özara gatnaşyklarynyň çäklerinde halklarymyzyň baý taryhyny, medeniýetini öwrenmek boýunça köp ýyllardan bäri bilelikdäki işler amala aşyrylýar.

«Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmen manady ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşanydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň gün tertibine milli manadyň dolanyşyga girizilmegi netijesinde ýurdumyzda gazanylýan ykdysady üstünlikler, milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly döwrebap bank hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, elektron tölegler ulgamynyň kämilleşdirilmegi, halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ýaly meseleler girizildi. Çäräniň çäginde «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda Garaşsyzlyk ýyllarynda gymmat bahaly metallardan ýasalan ýadygärlik teňňeler, milli şaý-sepler görkezildi.

Ýurdumyzda ilkinji gezek bellenilen Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergi, onuň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat geçirildi. Giň gerimli serginiň baş maksady gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika we himiýa senagaty, ýol gurluşygy ulgamynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň hödürleýän ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalarydyr hyzmatlary bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolmak, «Açyk gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek bilen, ykdysady gatnaşyklaryň gerimini ynamly giňeldýändigi, özara bähbitlilik ýörelgesi esasynda netijeli dialogy ýola goýmaga hemmetaraplaýyn taýýardygy bellenildi.

Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramyna bagyşlanyp, ýurdumyzda täze elektrik desgalarynyň açylyş dabaralary boldy. Şol gün Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda güýjenmesi 220 kilowat bolan «Etrek» elektrik bekedi, paýtagtymyzda bolsa güýjenmesi 110 kilowat bolan «Bagyr» elektrik bekedi açylyp ulanmaga berildi. Soňky ýyllarda pudakda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga şert döredýän ygtybarly energetika kuwwatlyklary döredildi. Bu bolsa türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberini artdyrmaga hem mümkinçilik berýär.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dünýäniň kuwwatly we durnukly ösýän ýurtlarynyň hataryna goşulan, parahatçylyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgelerine eýerýän ata Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Adam hakyndaky alada bolsa durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş maksadydyr.