Ï Berdi Çaryýewiň gündelik wakalary beýan edýän suratlarynyň sergisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berdi Çaryýewiň gündelik wakalary beýan edýän suratlarynyň sergisi

view-icon 2089
Berdi Çaryýewiň gündelik wakalary beýan edýän suratlarynyň sergisi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Berdi Çaryýewyň 55 ýaşynyň dolmagy mynasybetli şahsy sergisi açyldy.

Suratkeş sergä 100 töweregi eserini hödürledi. Dostlarynyň, kärdeşleriniň we sungat söýüjileriň suratkeşi gutlap duran pursadynda žurnalistleriň biri ondan: «Siziň iň gowy görýän suratkeşiňiz kim?» diýip sorady. Berdi Çaryýew pikirlenmän: «Wermeýer» diýip jogap berdi.

Bu geň zat, sebäbi Berdi Çaryýewiň we XVII asyryň gollandiýaly suratkeşiniň arasynda umumy zat ýok. Ýöne bu diňe ilkinji seredeňde şeýle duýulýar. Mysal üçin, gollandiýaly suratkeşiň «Gulakhalkaly gyz» atly meşhur suratyny alalyň. Onda diňe bir gyz däl, eýsem, onuň söýgüli ýanýoldaşyny we güýçli maşgala arzuwlaryny hem görýäris. Ýagny, eserde subtekst bar. Edil şol bir zat Berdi Çaryýewiň suratlarynda-da bar. Olar surata tomaşa edýän her bir adam bilen «gürleşýärler», ýöne ony «eşidip» duýmak zerur.

Şeýlelik bilen, sergilenen eserleriň birinde öý hojalykçy özbaşdak otlamaga giden geçini getirip daňýar. Ýene iki surat halk saz gurallary barada «gürrüň berýär», olaryň birinde halk gurallary ansamblynyň üçlügi şekillendirilipdir, beýlekisinde-de şol bir zat, ýöne eýýäm aradan 20 ýyl geçensoň. Berdi Çaryýew sazandalaryň garrap biljekdigini, ýöne sazyň hiç wagt garramaýandygyny aýtmak isläpdir.

Iň täsirli suratlardan biri hem «Ulanylmadyk mümkinçilikler» atly suratdyr. Suratkeş awtobus duralgasynda oturan iki sany zenany suratlandyrypdyr, duralganyň gapdalynda bolsa ýumurtga şekilli ýol belgisi bar. Boş çaga kolýaskasyny itekläp, bir garry adam bolsa ýoldan geçip barýar. Bir seretseň, bu zatlaryň hemmesini logiki taýdan birleşdirmek kyn. Ýöne üns bilen pikirlenseň, duralganyň awtobus duralgasy däl-de, eýsem, olaryň duralgasydygyny çak edip bilip bolýar. Işleri bilen başagaý gyzlaryň köpüsi maşgala gymmatlyklaryny yzagalaklyk diýip hasaplaýarlar we ahyrynda maşgalasyz galýarlar. Kakalary bolsa entek hem agtyklarynyň ýokdugyna gynanyp ýör.

Suratkeş Berdi Çaryýewiň eserleriniň sergisine gelseňiz, her eserde subteksti üns bilen gözlemeli we hökman taparsyňyz.