Samboçy türkmen gyzlar Astanada (Gazagystanda) başlanan dünýä çempionatynyň ilkinji gününde iki sany bürünç medal gazandylar.
Giň gerimli bu çäre Gazagystanda ikinji gezek geçirilýär we 80 ýurtdan 470 töweregi türgeni, şol sanda russiýaly, belarusly toparlary, şeýle hem bitarap statusda çykyş edýän bosgunlary bir ýere jemledi.
Dünýä birinjiligi ugrundaky ýaryşa gatnaşýanlar erkekleriň we zenanlaryň arasynda sport hem söweş sambosy, şeýle hem SVI-1 synpyndaky batyl erkekleriň arasynda 31 medal toplumy ugrunda bäsleşýärler. Zenanlaryň arasynda söweş sambosynyň (ýedi agram toparynda) we batyllar sambosynyň (üç agram toparynda) taryhda ilkinji gezek dünýä çempionatynyň meýilnamasyna girizilendigi bellärliklidir.
Ýaryşlar Žaksylyk Uşkempirow adyndaky Söweş sungaty köşgünde geçirilýär. 2024-nji ýyl dünýä çempionatynyň açylyş dabarasyna meşhur sambo pälwany Fýodor Ýemelýanenkonyň gatnaşmagy, şeýle hem 311 000 amerikan dollary möçberinde baýrak gaznasynyň bolmagy bu çäräniň ähmiýetini görkezýär. Dünýä çempionatynda ýeňijiler 4000 dollar, kümüş medal gazananlar 3000 dollar, bürünç medal alanlar 2000 dollar, batyllaryň arasynda altyn medal alanlaryň hersi bolsa 1000 dollar alarlar.
Çempionatyň ilkinji gününde on agram toparynda ýeňijiler we baýrakçylar kesgitlendi. Olaryň ikisinde Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrap sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Zarina Abdyrahmanowa (agram topary 54 kg çenli) we Türkmenistanyň Milli söweş sungaty federasiýasynyň türgeni Gülzada Jorakulyýewa (72 kg çenli) dagy bürünç medala mynasyp boldy. Bularyň ikisi hem üstünligi söweş sambosynda gazandy.
Hormat münberine barýan ýolda çärýek final bolan ilkinji bäsleşiginde Z.Abdyrahmanowa mongoliýaly Hongorzul Delgersaihany ýeňdi – 8:0; ýarym finalda bolsa 2024-nji ýyl dünýä çempionatynyň 19 ýaşly kümüş medalçysy, Aziýa we Okeaniýanyň häzirki çempiony Gülsewar Urakowadan (Özbegistan) asgyn geldi – 1:4.
Gülzada Jorakulyýewa-da çärýek finalda 2024-nji ýyl Ýewropanyň wise-çempiony we 2024-nji ýyl Ermenistanda geçirilen dünýä çempionatynyň bürünç medalçysy Angelina Lysenkony (Ukraina) 4:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi, ýarym finalda bolsa 2024-nji ýyl dünýä çempionatynyň 29 ýaşly wise-çempiony, üç gezek Dünýä Kubogynyň ýeňijisi russiýaly Ýana Polýakowadan ýeňildi – 0:8.
Ondan öň 31 ýaşly Zarina Abdyrahmanowa şu ýyl Makaoda (Hytaý) geçirilen Aziýa we Okeaniýa çempionatynda we Çolpon-Atada (Gyrgyzystanyň Issyk-Kul sebiti) kümüş medallara eýe boldy, 25 ýaşly Gülzada Jorakulyýewa bolsa hut şu ýaryşlarda bürünç baýraga mynasyp boldy.
Sambo boýunça dünýä çempionaty dowam edýär.