Türkmen tennisçileri Maral Ahmedowa we Nazar Dowmatow Manamada geçen Günbatar we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tälimçileri üçin sebit konferensiýasyna gatnaşdy.
Halkara tennis federasiýasy (HTF) tarapyndan geçirilýän bu sebitleýin forum 12 ýurtdan 50-den gowrak tälimçini Bahreýniň paýtagtynda bir ýere jemledi. Olar üç günüň dowamynda tälim berme işini guramak, okuwyň taktik we tehniki tärleri, oýunçylary oýna taýýarlamak, ýaryşlarda we sport ätiýaçlyklaryny taýýarlamakda erkek hem zenan tälimçileriniň orny ýaly mowzuklary öz içine alýan maksatnama boýunça okadylar.
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzasy, tennis bilen yzygider meşgullanmagyny Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 7-nji sport mekdebiniň tälimçilik işi bilen üstünlikli utgaşykda alyp barýan, HTF 1-nji derejeli tälimçilik şahadatnamasynyň eýesi Maral Ahmedowanyň ykrar etmegine görä, bu konferensiýada alnan bilimler çagalar bilen türgenleşik işinde ulanylar.
Maslahatda türkmen wekiliýetiniň erkekler toparynda häzirki wagtda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «tennis tälimçisi» hünäri boýunça okaýan geljekki halypa Nazar Dowmatow bardy.
2022-nji ýylda sport ussady, Aziýa we Okeaniýa zolagynyň Deýwis kubogynyň IV toparynyň ýeňijisi, köp sanly halkara we milli ýaryşlaryň ýeňijisi Eziz Döwletow tarapyndan ýolbaşçylyk edilen Türkmenistanyň Tennis federasiýasy tälimçileriň bilimine we hünär taýdan ösmegine uly üns berýär. Şeýlelikde, häzirki wagtda Türkmenistanda «ITF Play Tennis» giriş kursuny tamamlan 40-dan gowrak sertifikatly tälimçi çagalar we başlangyç oýunçylar bilen işleýär we 1-nji derejeli ITF şahadatnamasyna eýe bolan halypalaryň sany eýýäm 18 adama ýetdi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň erkekler ýygyndy toparynyň we Aşgabat tennis akademiýasynyň 32 ýaşly baş tälimçisi Mirali Gasanow üstünlikli synagyň we geçen ýyl Walensiýada (Ispaniýa) meşhur Deýwid Ferrer Tennis akademiýasynda alan biliminiň netijeleri boýunça oňa dünýäniň islendik ýurdunda professional oýunçylar bilen işlemäge mümkinçilik berýän PRO derejeli şahadatnamanyň Türkmenistanda ilkinji eýesi boldy.