Ýurdymyzyň telekeçileri milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda giň gerimli işleri alyp barmak bilen islegli harytlaryň, hil nyşanly önümleriň bolçulygyny döredýärler. Şeýle-de olar işleriň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda guwandyryjy işleri amala aşyrýarlar.
Belent maksatlara beslenen şeýle işlerde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän «Senagat plastik» hojalyk jemgyýeti hem mynasyp hyzmatlary bitirýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy bolan öňdebaryjy kärhana indi ençeme ýyldan bäri hereket edip, sarp edijileriň arasynda meşhurlyk gazanmagy başardy. Ýeri gelende aýtsak, gürüňi edilýän hojalyk jemgyýetiniň işçileridir hünärmenleri ummasyz gorlara daýanýan ýerli uglewodorod çig mal serişdelerini senagat taýdan gaýtadan işlemek arkaly alynýan polietilendir polipropilenden birnäçe görnüşli önümleri öndürýärler.
Kärhanada köp möçberde öndürilýän plastmassalardan bolan ýükasty tekjeler toplumlaýyn gaplanylýan dürli önümleridir harytlary ýüklemekde we düşürmekde giňden peýdalanylýar. Olar harytlaryň ammarlarda talabalaýyk ýerleşdirilip, uzak wagtlap saklanylmagy üçin juda oňaýlydyr. Şeýle-de hususy kärhananyň öndürýän önümleri agaç tekjelerine garanyňda, önümçilik maksatlary üçin juda ygtybarly bolup durýar. Has takygy, howply we ýiti himiki serişdeleriň täsirlerine durnuklydyr. Plastmassa tekjeler gyzgyn suw bilen ýuwulanda hem hapalardan tiz we aňsat arassalanýar. Şonuň ýaly-da ýakymsyz yslary özüne siňdirmeýär, çyglylyk saklamaýar. Munuň özi, ýükasty tekjeleriň önümleriň ähli görnüşlerini daşamak üçin amatlydygyna, olary netijeli ulanyp bolýandygyna şaýatlyk edýär.
Uly buýsanç bilen dowam edýän «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolsa kärhanada sarp edijileriň yzygiderli ösýän isleglerine baglylykda öndürilýän önümleriň möçberleri hem-de görnüşleri has-da artdyryldy. Munuň hakykatdanam şeýledigine kärhananyň önümçilik kuwwatyna laýyklykda ýylda 240 müň plastmassa tekjesine derek onuň çykarylýan möçberiniň ep-esli derejede ýokarlandyrylmagam doly güwä geçýär. Şonuň ýaly-da hojalyk jemgyýetinde öndürilýän dürli ölçegdäki ýükasty tekjeleriň täze görnüşleriniň girizilmegem önümçiligiň ygtybarly ösüşlerini yzygiderli üpjün edýär.