Kikboksing boýunça Aşgabat açyk birinjiligi ugrundaky bäsleşige paýtagtymyzdan we Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan 500-den gowrak ýaş kikboksçulary gatnaşdy.
Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasy we Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi tarapyndan bilelikde guralan ýaryşa 2007–2016-njy ýyllar aralygynda doglan türgenler gatnaşdy. Olar bäş günüň dowamynda «full-contact», «slow-kick» we «kick-light» ugurlary boýunça baýrak almak üçin bäsleşdiler.
1950-nji ýyllarda Ýaponiýada dörän kikboksing häzirki wagtda Bütindünýäde giňden ýaýran sport görnüşine öwrüldi. Türkmenistanda sportuň bu görnüşi bilen 5000-den gowrak ýaşlar meşgullanýar.
Ýaryşyň netijeleri boýunça, Aşgabadyň topary dürli ýaş derejelerinde 176 medal (60 altyn, 62 kümüş we 54 bürünç) gazanyp, umumy sanawda birinji ýeri eýeledi. 145 medal (48 altyn, 43 kümüş we 54 bürünç) gazanan lebaply türgenler bolsa, ikinji ýere mynasyp boldular. Üçünji ýeri 22 medal (3 altyn, 9 kümüş we 10 bürünç) gazanan Daşoguz welaýat topary aldy.
Şu ýylyň başynda türkmen kikboksçulary Wengriýada geçirilen ýaşlar dünýä çempionatynda (WAKO) 5, Özbegistanda geçirilen ýaşlar dünýä çempionatynda 12 medal gazanypdy.