Ï Magtymguly baradaky türkmen-özbek filmi «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň garaşylýan filmleriniň biridir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly baradaky türkmen-özbek filmi «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň garaşylýan filmleriniň biridir

view-icon 1824
Magtymguly baradaky türkmen-özbek filmi «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň garaşylýan filmleriniň biridir

Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly badalga aldy. Ol TÜRKSOÝ-a gatnaşyjy ýurtlaryň kinematografiýaçylaryny bir ýere jemledi.

13-15-nji noýabr aralygynda türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary gündogar äheňli çeper we dokumental filmleriň dünýäsine aralaşyp bilerler. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy festiwalyň esasy temasy boldy.

Türkmen we özbek kinematografiýaçylarynyň «Magtymguly Pyragy» atly bilelikdäki işi halkara gözden geçirilişiniň iň esasy garaşylýan filmleriniň hatarynda boldy. Adyndan belli bolşy ýaly, film nusgawy şahyr, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy hem-de Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň durmuş ýoly we ykbaly barada gürrüň berýär.

Filmiň ilkinji gezek görkezilişiniň öň ýanynda, biz filmiň edebi esasyny ýazanlaryň biri, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigine wekilçilik edýän Öre Daşgynow bilen söhbetdeş bolup, bu kino eseriniň aýratynlygynyň nämeden ybaratdygyny hem-de ony näme üçin hökman görmelidigini soradyk.

Türkmen dramaturgynyň sözlerine görä, Magtymguly barada täze filmi döretmegiň üstünde uly topar işledi. Filmi ýazgy etmegiň esasy bölegi Özbegistanda, beýik şahyryň öz ýaşlygyny geçiren ýeri bolan Buharanyň we Hywanyň taryhy binagärlik desgalarynyň arasynda geçirildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleriniň, şeýle hem özbek dramaturglarynyň bilelikde işlemekleriniň netijesinde, filmi döretmek işleriniň dowamynda Magtymgulynyň durmuşy barada täze maglumatlaryň üstüni açmak başartdy, şol maglumatlar filmde getirilýär. 

Ilkinji nobatda, bu film türkmen we özbek halklarynyň dostlugyny açyp görkezýär. Onuň wakalarynyň tolgundyryjy pursatlarynyň birinde özbek öz dosty üçin aradan çykmagynyň öňüsyrasynda: «Magtymguly, meniň iň soňky haýyşym – goşgy ýazmagyňy dowam et!» diýip ýüzlenýär. Bu bolsa türkmen halkynyň hem-de beýik şahyryň hatyrasyna onuň öz ömrüni bagyş etmäge taýýardygyny ýüze çykarýar. Şahyryň goşgularyny Türkmenistanyň we Özbegistanyň bagşylary aýdym edip ýerine ýetirerler. 

Filmiň režissýory – meşhur özbek kinematografiýaçysy Muzaffarhon Erkinow köne döwrüň durmuşyny hem-de şahyrçylyk bäsleşikleriniň pursatlaryny ussatlyk bilen döredipdir, şonda diňe bäsdeşlik bolup geçmän, eýsem, hakyky dostluk emele gelipdir.

Magtymgulynyň keşbinde ýaş türkmen artisti Ahmet Amandurdyýew, şahyryň kakasy Döwletmämmet Azadynyň keşbinde Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew çykyş etdiler. Şeýle hem filmde beýleki meşhur türkmen we özbek artistleri keşpleri ýerine ýetirýärler.

Filme iki dilde – türkmen we özbek dillerinde ses berildi, çünki ol Özbegistanda hem görkeziler.