Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, belli ýazyjy Osman Ödäýewiň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp dabara geçirildi.
Okyjylara çuňňur mazmunly eserleriň 34 tomlugyny miras galdyran ýazyjynyň etrap medeniýet öýünde geçirilen ýubileý dabarasyna ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlary, edebiýaty öwreniji alymlar, medeniýet we sungat işgärleri, belli bagşy-sazandalar, ýazyjynyň eserleriniň muşdaklary we bilim işgärleri gatnaşdylar. Dabarada pederlerimiziň merdi-merdanalygyny, dünýä halklaryna nusgalyk ynsanperwer ýörelgelerini, medeni-ahlak gymmatlyklaryny şöhlelendirýän filosofiki pelsepelere ýugrulan eserleri bilen okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan Osman Ödäýewiň ömri we döredijiligi barada edilen çykyşlar bu ýere ýygnanan edebiýat muşdaklarynda aýratyn uly täsir galdyrdy.
– Bütin ömrüni, ýiti zehinini edebi döredijilige bagyşlan Osman Ödäýewiň adynyň dogduk obasyndaky köçä, şeýle hem özüniň okan mekdebine dakylmagy hem-de bu ýerde heýkeliniň oturdylmagy ussat ýazyja döwletimiz tarapyndan goýulýan belent sarpanyň ýüze çykmasydyr. Ussat ýazyjynyň galamynyň astyndan çykan watansöýüjilige, milli ýörelgelerimize ygrarlylyga ýugrulan, ynsan mertebesiniň mukaddesliklerini açyp görkezýän hekaýalardyr powestler, giň göwrümli romanlar halkymyzyň ruhy ýörelgesi, nesillerimiziň watançylyk hem-de ynsanperwerlik mekdebi bilen sazlaşyp, aýratyn gymmatlyga eýe bolýar – diýip, çykyşlaryň dowamynda nygtalyp bellenildi. Şeýle hem çykyş edenler beýik şahsyýetlerimize, döredijilik işgärlerine goýýan belent sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Dabarada ýazyjynyň okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanan «Altynjan hatyn» romany esasynda döredilen dessanyndan parçalaryň aýdylmagy, onuň medeniýet-sungat işgärleriniň şowhunly aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşmagy bu täsirli çärä aýratyn röwüş çaýdy. Etrabyň medeniýet öýünde geçirilen dabaradan soňra, oňa gatnaşyjylaryň ýazyjynyň manyly ömrüni, giň gerimli döredijilik dünýäsini açyp görkezýän öý-muzeýi, bu ýerde ýerleşdirilen, müňlerçe kitaplary özünde jemleýän baý kitaphanasy bilen tanyşmaklary hem tolgundyryjy pursatlara baý boldy.