Ï Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçen halkara forumda himiýada we gazhimiýada innowasion tehnologiýalarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçen halkara forumda himiýada we gazhimiýada innowasion tehnologiýalarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 250
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçen halkara forumda himiýada we gazhimiýada innowasion tehnologiýalarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde sanly ulgam arkaly «Himiýa we gazhimiýa innowasion tehnologiýalarynyň geljegi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Halkara ylmy-amaly maslahata 18 döwletden Türkmenistanyň, Russiýanyň, Belarusyň, Rumyniýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gruziýanyň, Ermenistanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Kataryň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň we Beýik Britaniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň 34-sinden talyplar, professor-mugallymlar, alymlar, şeýle hem «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd», «Dragon Oil» (Türkmenistan), «Eni Türkmenistan Limited» kompaniýalarynyň we Hytaý milli nebitgaz Korporasiýasynyň (CNPC) wekilleri we ýurdumyzyň edara-kärhanalaryndan hünärmenleri işjeň gatnaşdylar.

Halkara ylmy-amaly maslahaty Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Baýrammyrat Atamanow oňa gatnaşýanlara gutlag sözi bilen açdy.

Halkara maslahatyň işi umumy mejlisde we «Himiýa senagatynyň ösüş ugurlary», «Gazhimiýa senagatynda innowasion tehnologiýalar» we «Himiýa we gazhimiýa senagatynyň ykdysady hem ekologiki meseleleri» atly bölümlerde geçirildi.

Halkara ylmy-amaly maslahatynda ýurdumyzyň we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň, şeýle hem şu ugurda iş alyp barýan kompaniýalarynyň hünärmenleriniň 90-dan gowrak ylmy çykyşlary diňlenildi. Daşary ýurtlaryň abraýly uniwersitetleriniň ýolbaşçy toparlarynyň wekilleri konferensiýa gatnaşýanlara sanly ulgam arkaly ýüzlenip, halkara konferensiýanyň taýýarlygynyň we guralyşynyň ýokary derejesini nygtadylar.

Maslahatyň çäginde gatnaşyjylar tarapyndan şu ugurdan bilim berýän ýokary okuw mekdeplerde we pudaga degişli kärhanalarynda hem kompaniýalarda alnyp barylýan ylmy-barlag işler bilen tanyşdyryldy. Ýygnananlaryň dykgatyna ylmy işler ýetirildi, ondan soň bolsa ara alyp maslahatlaşmalar we pikir alyşmalar boldy.

Talyplaryň, ýaş alymlaryň, professorlaryň we ýokary mekdep mugallymlarynyň himiýanyň, gazhimiýa pudagynyň ösüş meýilleri, senagata, sanly ulgamlara, ykdysady ösüşe, daşky gurşaw meselelerine innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy baradaky we beýleki degişli ylmy temalar boýunça çykyşlary maslahata gatnaşýanlary haýran galdyrdy.

Iri halkara forumy guramak we geçirmek «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023–2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda», «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda» kesgitlenen meseleleriň, Türkmenistanyň bilim ulgamynda kabul edilen birnäçe düşünjäniň amala aşyrylmagyna ýardam etdi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, hususan-da, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň giň gerimli işiniň esasyna ylmy taýdan sowatly, giň pikirlenýän, her taraplaýyn bilimli nesli ösdürip ýetişdirmek, ylyma zehinli talyplary çekmek we ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak, ylym-bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, tejribe alyşmak üçin öňdebaryjy daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen gatnaşygy ýola goýmak, hünärmen taýýarlamagyň döwrebap usullaryny ulanmak we bilim ulgamyny dünýä ülňüleriniň derejesine ýetirmek maksady goýlandyr.