Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti talyplaryň her ýylky ders bäsleşiklerine gatnaşjaklary bellige almagyny dowam edýär. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda ýokary okuw mekdebi tarapyndan goldanylýar.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti aşakdaky ugurlar boýunça: «Häzirkizaman türkmen jemgyýeti», «Ýöriteleşdirilen iňlis dili», «Hytaý we Italýan dilleri» ders bäsleşikleriniň dördüsini geçirer.
Intellektual bäsleşikleriň tapgyry 16-njy dekabrdan 20-nji dekabry aralygynda sanly ulgam arkaly geçiriler. Gatnaşjaklaryň hasaba alnyşy uniwersitetiň saýtynda 12-nji dekabra çenli açykdyr.
Bäsleşikde çykyş etmek isleýänler bir ýa-da birnäçe ders bäsleşiklerine gatnaşmaga haýyşnama bilen ýüz tutup bilerler. Her ýokary okuw mekdepden gatnaşjak dalaşgärleriň möçberi çäksizdir. Ders bäsleşikleri aýratynlykdaky görnüşde I tapgyrda geçiriler. Resmi dili – türkmen we iňlis dilleridir.
Ders bäsleşiginiň ugruna baglylykda oňa gatnaşyjylar bir, iki ýa-da üç derejelerde çykyş ederler. Ders bäsleşiginiň «Häzirkizaman türkmen jemgyýeti» ugry boýunça gatnaşyjylary umumy toparda bäsleşerler. «Ýöriteleşdirilen iňlis dili» ugry boýunça ders bäsleşigi talyplary ýokary okuw mekdeplerdäki olaryň hünär taýýarlygy ugruna laýyklykda üç bölege bölüner. Birinji bölege tehniki ugurly talyplar, ikinjisine – ynsanperwer, üçünjisine ykdysadyýet we dolandyryş ugry boýunça bilim alýan talyplar girer. «Hytaý we Italýan dilleri» ugry boýunça ders bäsleşiginde gatnaşyjylaryň iki topary – dersi öwrenmäge ýöriteleşýän hem-de hytaý diliniň hünär ugruna degişli derse girmeýän toparlar kesgitleniler.
Gatnaşyjy ýokary okuw mekdepler ders bäsleşikleriniň hersi üçin takyk çözgütleri beýan edilen 20 sany test ýumuşlaryny teklip edip bilerler, şolary ders bäsleşiginiň başlanmagyna 10 gün galýança guramaçylyk toparyna ibermelidir.
+99312398550, +99365809906 telefon belgileri arkaly, ýa-da, iuhdolympiads@gmail.com elektron salgysy boýunça guramaçylar bilen habarlaşyp, goşmaça maglumatlary alyp bolar.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 2020-nji ýyldan başlap, ders bäsleşikleriniň tapgyryny bäşinji ýyl yzly-yzyna geçirýär.
Talyplaryň intellektual bäsleşikleri ýaş zehinleri, talyplaryň ylmy we döredijilik işjeňligini ösdürmek we höweslendirmek, olaryň daşary ýurt dillerini hem-de beýleki ylymlary öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryna itergi bermek, has ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň intellektual taýdan ösmegi we geljekki hünärlerini saýlamak üçin oňaýly şertleri döretmek, giň dünýägaraýyşly, başarnykly ýaşlary terbiýelemek, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini özara hereketlerini, şol sanda sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen geçirilýär.