Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň 2024-nji ýylyň 16-njy noýabrynda geçen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazowyň ýurdumyzyň özboluşly gözel ýerlerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça mümkinçiligini öwrenmek boýunça toparyň işi baradaky hasabaty diňlendi.
Onda gürrüň, hususan-da, Hazar deňziniň günorta kenarynda ýerleşýän gadymy palçyk wulkanlary Akpatlawuk we Gökpatlawuk, şeýle hem dünýä ähmiýetli tebigy ýadygärlikler hasaplanýan derýadan galan Ýaňgala hanasy barada boldy.
Balkan welaýatynda, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinden takmynan deň aralykda ýerleşýän Ýaňgala diýilýän gözel-gökje ýer Türkmenistanyň iň haýran galdyryjy we ýerli hem daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän ajaýyp künjeklerinden biridir. Ýaňgala aýak sekmejek ägirt uly galany ýatladýar, onuň kert gerişlerinde ak, sary, gyzyl we gülgüne reňkleriň adaty däl utgaşmasy bar, şunda gyzyl reňk agdyklyk edýär. Bu gala adyny-da şundan alypdyr, «Ýaňgala» sözi türkmen dilinden terjime edilende, «otly gala» manysyny berýär. Müňlerçe ýylyň dowamynda deňizdir ýel-ýagyş tarapyndan emele getirilen bu tebigy galanyň älemgoşar gaýalary täsin görnüşe eýe bolup, hyýaly manzara duýgusyny döredýär.
Käbir syýahatçylyk gollanmalarynda we saýtlarda Ýaňgala «Merkezi Aziýanyň Uly derýa hanasy» hem diýilýär, eýsem-de, bolsa käbir hünärmenleriň pikiriçe, bu ýeriň geologiýasynyň kanýonlar ýa-da derýa hanalary bilen hiç hili dahyly ýok. Uçut kenarlaryň emele gelmegi Hazar deňzinde bolup geçen hadysalaryň netijesidir, birwagtlar Ýaňgalanyň etekleri deňiz ýakasy bolupdyr. Uzak wagtyň dowamynda kenara urulýan tolkunlar gaýalary ýok edip, şol geň galdyryjy täsin görnüşleri emele getiripdir.
Türkmenistanyň käbir tebigy ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy miras sanawyna girizildi. Sebitiň üç ýurdundan, ýagny Gazagystandan, Türkmenistandan we Özbegistandan oňa giren «Aram guşaklyk Turan çölleri» transmilli tebigy obýektden biziň ýurdumyzdan «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr», «Repetek» Döwlet Biosfera Goraghanasy we onuň «Ýerajy» taýynyň çöl ekologik ulgamlaryny öz içine alýar.