Ï «Magtymguly Pyragy. Saýlanan eserler» goşgular ýygyndysy pars dilinde neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Magtymguly Pyragy. Saýlanan eserler» goşgular ýygyndysy pars dilinde neşir edildi

view-icon 2638
«Magtymguly Pyragy. Saýlanan eserler» goşgular ýygyndysy pars dilinde neşir edildi

Beýik akyldar nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Watanymyzda we daşary ýurtlarda şahyryň köp sanly eseriniň daşary ýurt dillerindäki ýygyndylary neşir edildi. 

Ýakynda çap edilen täze kitaplaryň biri-de pars diline terjime edilen 270-den gowrak goşgyny öz içine alýan «Magtymguly Pyragy. Saýlanan eserler» goşgular ýygyndysydyr.

Goşgular Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanyp, ýakynda türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen «Magtymguly» sowgat kitabyna girizilen eserleri esasynda saýlanyp alnypdyr. Pars dilindäki ýygyndy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň milli we dünýä medeniýeti üçin ähmiýeti baradaky sözleri we Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly meşhur goşgusy bilen açylýar.

Alymlar kitaby eýranly hünärmenleriň gatnaşmagynda taýýarlapdyrlar. Kitabyň redaktorlary filologiýa ylymlarynyň kandidaty, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň müdiri Dawut Orazsähedow we eýranly edebiýatşynas alym Sobhan Salariniýadyr. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty Rahmanberdi Godarow bolsa bu işe ylmy geňeşçi hökmünde gatnaşypdyr. Şahyryň goşgularynyň pars diline terjimesi Güýçmyrat Çaňlyýew we Aýmyrat Kulyýew tarapyndan amala aşyrylypdyr. 449 sahypalyk «Magtymguly Pyragy. Saýlanan eserler» kitabyny «Ylym» neşirýaty 500 nusgada neşir etdi.