Türkmen oba hojalyk instituty bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşygyny berkitmäge gönükdirilen çäreleriň tapgyrlaryny geçirdi.
Ýokary okuw mekdepde institutyň mugallymlarynyň we talyplarynyň, oba hojalyk öndürijileriň, Daşoguz welaýatynyň öňdebaryjy pudaklaýyn edara-kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ylmy-amaly okuw maslahatlary geçirildi. Iş-tejribeçilik maksady bilen, çärelere gatnaşyjylar bilelikde göniden göni ekerançylyk meýdanlara bardylar, şol ýerde okuwlar we ylmy synaglar geçirildi.
Noýabr aýynyň ortasynda institutyň Agronomçylyk fakultetiniň Ösümlikçilik kafedrasynyň professor-mugallymlary tarapyndan çagyrylan degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda okuw-önümçilik maslahaty guraldy.
Maslahatyň birinji gününde ýokary okuw mekdebiň mugallymlarynyň çykyşlary diňlenildi. «Miweli baglaryň keselleri we olara garşy göreş çäreleri» baradaky temany uly mugallym, biologiýa ylymlarynyň kandidaty B.Ýusupowa beýan etdi, «Gowaçanyň seleksiýasy we tohumçylygy» tema boýunça uly mugallym, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty M.Orazbaýewa çykyş etdi, mugallym A.Kutlyýewiň çykyşy «Däneli ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasy» temasyna bagyşlandy. Çykyşlar tamamlanandan soň, özara giňişleýin pikir alşyldy.
Okuw maslahatyň çäklerinde Türkmen oba hojalyk institutynyň Okuw-tejribe hojalygynyň binýadynda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň, şeýle hem Daşoguz welaýat tokaý hojalygynyň we Ösümlikleri goramak gullugynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuwlar geçirildi.
Maslahatyň ikinji güni Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda meýdan şertlerinde dowam etdi. A.Abdyýew çärä gatnaşyjylara ekin dolanyşygyny geçirmegiň biologiki we himiki sebäpleri barada gürrüň berdi, J.Gurbanowa güýzlük bugdaýyň meýdan birliginde möçberini kesgitlemegiň usullaryna ünsi çekdi, M.Arazow toprak nusgalaryny almagyň aýratynlygyny tejribe esasynda görkezdi, G.Nazarowa çärä gatnaşyjylar bilen gowaça meýdanynda ylmy barlaglaryň ugurlaryna garady.
18-19-njy noýabrda Türkmen oba hojalyk institutyň Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň guramagynda «Topragyň gurplulygyny ýokarlandyrmagyň usullary» atly ylmy-önümçilik maslahaty geçirildi.
Oňa Daşoguz welaýat häkimliginiň, Görogly we Şabat etrap häkimlikleriniň, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň, Daşoguz ylmy-önümçilik synag hojalygynyň, Daşoguz Agrohimiýa barlaghanasynyň hünärmenleri, şeýle hem Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň mugallymlary hem-de bu hünär boýunça bilim alýan 5-nji ýyl talyplary gatnaşdylar.
Ylmy-önümçilik maslahatynyň birinji güni kafedranyň uly mugallymy Ý.Atdaýew «Şorlaşan topraklary özleşdirmegiň we gurplulygyny ýokarlandyrmagyň netijeli usullary» hem-de «Agrohimiýa kartogrammanyň esasynda ekinlere dökünleriň ýyllyk kadasyny tertibini işläp düzmek» diýen temalar bilen tanyşdyrdy, Ý.Palýazowa «Topragyň şorlaşma derejesini peseltmekde we onuň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda günebakar ösümliginiň ähmiýeti» diýen temadan çykyş etdi.
Maslahatyň ikinji gününde oňa gatnaşyjylar oba hojalyk ekinlerini topragyň mehaniki düzümi boýunça ýerleşdirmegiň aýratynlyklaryny, meýdan şertlerinde topragyň mehaniki düzümini we tebigy dykyzlygyny kesgitlemegiň, topragyň şorlaşmasyny kesgitlemek üçin sanly tehnologiýalary ulanmagyň meselelerini bilelikde ara alyp maslahatlaşdylar.
Çäräniň ahyrynda mugallymlaryň, hünärmenleriň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda pikir alşyldy we täze teklipler paýlaşyldy, maslahatyň netijeleri jemlenildi.
Ýokary okuw mekdepde ylmy-amaly maslahatlar we beýleki çäreler bilim ulgamynyň wekilleriniň öňünde goýlan hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ylmyň, bilimiň we önümçiligiň özara baglanyşygyny berkitmek üçin netijeli usulyýetleri tapmaga hem-de işläp düzmäge gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen geçirildi.