Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we Suhumi döwlet uniwersiteti hyzmatdaşlygy ösdürýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we Suhumi döwlet uniwersiteti hyzmatdaşlygy ösdürýärler

view-icon 2188
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we Suhumi döwlet uniwersiteti hyzmatdaşlygy ösdürýärler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gruziýanyň Suhumi döwlet uniwersitetiniň wekilleri bilen onlaýn duşuşyk geçirildi.

Oňa Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň professorlary, mugallymlary, talyplary hem-de gruzin ýokary okuw mekdebiniň hünärmenleri gatnaşdylar. Duşuşyk ylym we bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselelerine bagyşlandy.

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň professory, sosiologiýa ylymlarynyň doktory Öwezdurdy Muhammetberdiýew çykyşynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary we wezipeleri barada aýtdy. Duşuşykda gruzin tarapyndan Suhumi döwlet uniwersitetiniň parahatçylykly döreýiş merkeziniň professory we barlagçysy, gruziýanyň at gazanan žurnalisti Badri Naçkebiýa hem-de şol uniwersitetiň halkara gatnaşyklary bölüminiň direktory Indira Dzaganiýa çykyş etdiler.

Hususan-da, bilim we ylmy barlaglar ulgamynda mümkinçilikleri giňeltmäge bolan gyzyklanma ikitaraplaýyn beýan edildi. Çykyşlaryň dowamynda mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda bilelikdäki duşuşyklaryň, geňeşmeleriň, okuw maslahatlaryň geçirilmeginiň öwrenmek we möhüm ugurlarda öňdebaryjy tejribeleri we bilimleri alyşmak üçin oňat mümkinçilik bolup durýandygy, şeýle hem geljekki halkaraçy hünärmenleri taýýarlamak işine ýardam edýändigi nygtaldy.

Gepleşigiň dowamynda iki dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň özara gatnaşyklarynyň anyk ugurlary görkezildi, hyzmatdaşlyk etmegiň geljegine garaldy.

Duşuşygy tamamlap, taraplar onuň netijelerini jemlediler, täze bilelikdäki başlangyçlary amala aşyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler, şeýle hem uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini tassykladylar.