Ï Moskwadaky Gündogar edebiýaty merkezinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli sergi geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Moskwadaky Gündogar edebiýaty merkezinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli sergi geçirilýär

view-icon 2375
Moskwadaky Gündogar edebiýaty merkezinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli sergi geçirilýär

21-nji noýabrda Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew ilçihananyň işgärleri bilen bilelikde Russiýa Döwlet kitaphanasynyň Gündogar edebiýaty merkezine baryp gördi. Ol ýerde 16-njy noýabrdan bäri «Oýlanma» atly sungat we kitap sergisi dowam edýär.

Gündogaryň akyldary we görnükli türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu çäre Gündogar şygryýetiniň «Oýlanma» atly şekillendiriş sungat bäsleşiginiň ýokary derejesi boldy. Bäsleşik Russiýanyň Sungat akademiýasynyň, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Şekillendiriş sungaty we binagärlik bölüminiň howandarlygynda geçirilýän Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly VIII halkara sungat festiwalynyň bir bölegi boldy. Bu bolsa ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilen Magtymgulynyň 300 ýyllygynyň ähmiýetini nygtaýar.

Festiwalyň guramaçylyk komiteti tarapyndan Russiýanyň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde guralan sergi Magtymguly Pyragynyň baý medeni mirasyny görkezýär. Onda şahyryň Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň gaznalarynda saklanýan seýrek neşirleri, şol sanda 1912-nji ýylda Astrahanda we 1926-njy ýylda Aşgabatda neşir edilen kitaplary-da hödürlenýär. Myhmanlara gyzykly gezelenç teklip edildi, gezelenjiň dowamynda kitaphanaçylar Magtymguly Pyragynyň Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndaky seýrek neşirleriniň syrlaryny beýan etdiler. Bu beýik şahyryň döredijiliginden ylham alan «Oýlanma» atly sungat bäsleşiginiň ýeňijileri özleriniň kendir matanyň ýzünde beýan edilen manylar we düşünjeler hakda söz açýan eserlerini hödürlediler. «Söz älemi» atly okyjylaryň bäsleşigine gatnaşanlar Magtymgulynyň goşgularyny täsirli düşündirmek bilen, tomaşaçylary onuň şygyr dünýäsine alyp gitdiler.

Bu günde şekillendiriş sungaty we şygryýet birleşip, tomaşaçylara uly lezzet we çuňňur oýlanma pursatlaryny bagyş etmek bilen, Magtymguly Pyragynyň sözleriniň çäksiz güýjüni ýene bir gezek nygtadylar. Gündogar edebiýaty merkezindäki sungat sergisinde hem ýeňijileriň, hem-de eminleriň eserleri görkezilýär, olaryň arasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Gylyçmyrat Ýarmämmedow, suratkeş we dizaýner Dariý Asadullaýew, şeýle hem Halkara suratkeşler federasiýasynyň agzasy Wladimir Igaýew ýaly meşhur sungat ussatlary-da bar. Çeper we kitap sergisi 16-njy dekabra çenli açyk bolar, ýöne Gündogar edebiýaty merkeziniň işgärleri Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasy bilen mümkin boldugyça köp adam tanşyp biler ýaly, sergini 2024-nji ýylyň ahyryna çenli dowam etdirmek barada işjeň gepleşikler alyp barýarlar.