Ï Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça III halkara olimpiada başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça III halkara olimpiada başlandy

view-icon 2264
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça III halkara olimpiada başlandy

Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasynyň açylyş dabarasy boldy.

Ähmiýetli halkara waka Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de dünýäniň 13 ýurdunyň esasy uniwersitetleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň 200-den gowragyny jemledi. Olimpiadada ýokary okuw mekdepleriň 21-sinden talyplaryň 130-dan gowragy biziň ýurdumyza wekilçilik edýärler. Şeýle hem oňa Russiýa, Hytaý, Eýran, Özbegistan, Gazagystan, Ermenistan, Azerbaýjan ýaly we beýleki daşary ýurtlaryň 12-sinden ýokary okuw mekdepleriň 23-siniň 80-den gowrak talyplary gatnaşýarlar.

Aşgabatda halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň bilim edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bolup geçdi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow olimpiada gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlenip,  himiýa ylmyny ösdürmekde halkara ylmy hyzmatdaşlygyň wajypdygyny nygtady hem-de ähli talyplara üstünlikleri, öz maksatlaryna ýetmeklerini we olimpiadada ajaýyp ýeňişleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa dersi boýunça III halkara olimpiada 25-30-njy noýabry aralygynda geçiriler.

Olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşikleri özünde jemleýär. Şolarda himiýa dersi boýunça ýöriteleşýän talyplar we taýýarlygyň beýleki ugurlarynyň talyplary hem çykyş edýärler. Bäsleşige gatnaşyjylar organiki däl we fiziki himiýa boýunça hem-de organiki we seljerme himiýasy boýunça çylşyrymly nazary we amaly ýumuşlary çözmekde bäsleşerler. Şeýle hem olar test sowallaryna hem-de himiýanyň dürli bölümleri boýunça ýazuwly meselelere hötde gelmeli bolarlar.

Olimpiadanyň ýeňijilerine diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar. Mundan başga-da, çärä gatnaşyjylaryň ählisine gyzykly hem-de baý medeni maksatnama garaşýar.

Himiýa dersi boýunça halkara olimpiada ýaşlarda ylyma bolan gyzyklanmany höweslendirmäge, olaryň döredijilikli pikirlenişini ösdürmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga, şeýle hem öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga we Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir.

Olimpiadanyň çäklerinde 27-nji noýabrda ýokary okuw mekdepde «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahaty hem geçiriler. Forumda Türkmenistanyň we dünýäniň ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň ylmy edaralarynyň we guramalarynyň alymlary, ylmy-barlagçylary, hünärmenleri duşuşarlar.