Ï «Dünýäniň akyldarlary. Türkmenistan. Ata pendi» film-essesiniň ilkinji görkezilişi taýýarlanylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Dünýäniň akyldarlary. Türkmenistan. Ata pendi» film-essesiniň ilkinji görkezilişi taýýarlanylýar

view-icon 1893
«Dünýäniň akyldarlary. Türkmenistan. Ata pendi» film-essesiniň ilkinji görkezilişi taýýarlanylýar

Nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bütin dünýäde giňden bellenýär. Türkmen halkynyň beýik oglunyň döredijilik mirasyny bütin dünýäde wagyz etmek işine birek-birege hormat goýmak, konstruktiw hyzmatdaşlyk, adalat we ýokary ruhy hem ahlak gymmatlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, döwletleriň we sebitleriň parahatçylykly we döredijilikli ösüşi ugrunda çykyş edýän Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi ýurtlarynyň Jemgyýetçilik palatasy hem goşuldy.

Bu jemgyýetçilik birleşiginiň pikiriçe, Magtymgulynyň şygryýet mirasynyň dünýä edebiýaty üçin ähmiýetine her näçe baha berseň-de, bärden gaýdýar. Onuň oý-pikirleri, şygyrlary dünýä dilleriniň onlarçasyna terjime edildi. Magtymguly, wagtdyr giňişlige bagly bolmazdan, dünýä möçberindäki ajaýyp zehiniň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Magtymgulynyň adynyň Ýer ýüzüniň akyldar adamlaryna bagyşlanan «Dünýäniň adamy» atly halkara bilim kursunyň iň möhüm mowzuklaryndan biridigi bellendi. Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi ýurtlarynyň Jemgyýetçilik palatasynyň maglumat çeşmesi beýik şahyryň we akyldaryň 300 ýyllygy üçin Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi ýurtlarynyň Jemgyýetçilik palatasynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça başlygynyň orunbasary «Dünýäniň akyldarlary» bilim taslamasynyň awtory Anastasiýa Waleriýewna Pawlowanyň ýörite döreden «Ata pendi» atly şahyrana eserinden käbir parçalary neşir etdi. Pawlowa medeni, syýahatçylyk we bilim taslamalaryny ösdürmek hem medeni diplomatiýany öňe sürmek boýunça halkara bilermendir.

Eserde esasy nygtalýan zat beýik Magtymgulynyň kakasynyň – öz döwrüniň ajaýyp aň-bilimli adamy Döwletmämmet Azadynyň zehinli oglunda syýahatçylyga söýgini we aň-bilime höwesi terbiýelän halypalyk wezipesidir. Pars we arap dillerindäki ençeme kitaplary öz içine alýan ajaýyp kitaphanany jemlän kakasyna sylag we hormat Magtymgulynyň tutuş döredijiliginde öz möhürini goýýar we gös-göni manyda türkmen aňynyň nyşanyny döretmäge kömek edýär. Edebi esasy ýazanyň aýtmagyna görä, atalyk terbiýesi onuň üçin aýratyn ähmiýete eýe bolupdyr, şol sebäpden ol şahyryň maşgalasy hakda köp gyzykly zatlar öwrenmek üçin bu maşgalanyň taryhyny öwrenipdir. «Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi ýurtlarynyň jemgyýetçilik palatasy we BRICS, ŞHG, EAEU, GDA çagalar jemgyýetçilik palatasy dünýäniň medeni we bilim wektoryny özüniň işiniň esasy ugurlarynyň birine öwürdi, onda Magtymgulynyň ady iň möhüm medeniýetşynaslyk çelgisidir» diýip, A.W.Pawlowa aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň we GDA agza ýurtlaryň dil we medeniýet boýunça esasy guramasy bolan Moskwa döwlet dil uniwersitetiniň goldawy bilen A.W.Pawlowanyň adybir şahyrana oýny esasynda döredilen «Dünýäniň akyldarlary. Türkmenistan. Ata pendi» atly resminamalaýyn filmiň görkezilişini taýýarlaýar. Filmiň režissýory – «Dünýäniň akyldarlary» taslamasynyň baş sazlaýjysy Nadežda Geraşçenko. «Dünýäniň akyldarlary. Türkmenistan. Ata pendi» film-essäniň ilkinji görkezilişi şu ýylyň 5-nji dekabrynda Moskwa döwlet dil uniwersitetiniň mejlisler zalynda geçiriler.

Bu täze taslama şu ýyl Moskwa, Sankt-Peterburg, Kazan, Astrahan, Woronež we Russiýanyň beýleki şäherlerinde türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler toplumyny dowam etdirer.