Ï Himiýa institutynda hytaýly alymlar bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Himiýa institutynda hytaýly alymlar bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 1624
Himiýa institutynda hytaýly alymlar bilen duşuşyk geçirildi

«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşmak üçin, Aşgabada gelen alymlar topary 25-nji noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutyna bardy.

Myhmanlara institutyň taryhy, häzirki döwürde ylmy-agtaryş işlerini guramak we olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak ýörelgeleri, ýurdumyzyň himiýaçylarynyň gazananlary, himiýa pudagyny ösdürmek boýunça uzak möhletleýin meýilnamalar we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk barada gürrüň berildi. Hytaýly alymlar barlaghanalara baryp, ol ýerlerde alnyp barylýan ylmy-gözleg işleri bilen tanyşdylar. Institutda mineral, gidromineral we uglewodorod çig mallaryny gaýtadan işlemek we ýerli çig mal esasynda mineral we organomineral dökünleri öndürmek bilen baglanyşykly agtaryşlar we ylmy işler olarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Gyzykly pikir alyşmada türkmen alymlary ylmy hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça birnäçe teklip berdiler. Bellenilişi ýaly, bilelikdäki ylmy we amaly çäreleriň giň topary iki tarapa-da peýdaly bolup, Türkmenistan bilen Hytaýyň himiýa, himiýa tehnologiýasy we ekologiýa pudagyndaky bähbitlerine laýyk gelýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyňmeseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşýanlara Gutlagynda ylymy has ýokary derejelere çykarmak we ylym hem innowasiýa tehnologiýalary pudagynda halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek islegi ýurduň ylmy-tehniki syýasatynyň esasy maksady hökmünde kesgitlenipdir. Hytaý Halk Respublikasynyň ösüş derejesi boýunça, şol sanda ylym we ýokary tehnologiýa pudagynda-da öňdebaryjy döwletleriň biridigini belläp, döwlet Baştutanymyz medeniýet, bilim we ylym, ökde hünärli işgärleri taýýarlamak, şeýle hem önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça konstruktiw hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugruna öwrülendigini nygtaýar. Bu nukdaýnazardan, türkmen-hytaý hökümetara hyzmatdaşlyk komitetiniň çäginde ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmenistanda ylmyň geljegi köp halatda onuň bütindünýä ylmy giňişlige tiz we täsirli birleşmegine bagly bolar. Şonuň üçin Türkmenistanda ylym, tehnika we innowasiýa tehnologiýalary boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, Türkmenistanyň alymlary bilen beýleki ýurtlardaky kärdeşleriniň arasynda dürli görnüşli hyzmatdaşlygy goldamaga we ösdürmäge gönükdirilen giňişleýin çäreler görülýär.