Ï «Myradym – nesihat etmekdir halka...»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Myradym – nesihat etmekdir halka...»

view-icon 2750
«Myradym – nesihat etmekdir halka...»

2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip yglan edilen ýylynda biziň  halkymyzyň saýlap alan ýolunyň mukaddes ýoludygyny bellemek gereklidir. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galknyşy döwründe beýik Magtymguly Pyragynyň şan-şöhraty gün-günden belende galýar. Şahyryň «ganat kimin altyn harplar» bilen döreden şygyrlary nesilleriň kalbynda baky orun aldy. XVIII  asyrda ýaşap geçen beýik nusgawy şahyr, indi üç ýüz ýyl wagtyň dowamynda adamlaryň akyl-paýhasyna parasatly hökmürowanlyk edip, olary umumyadamzat  gymmatlyklarynyň derejesine-belende göterýär. Türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak bular ýaly medeni-ruhy mirasy çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär.

Mähriban Watana, halka bolan şahyryň söýgisi onuň ähli eserleriniň mizemez özenini düzýär. Çüňňur paýhasa ýugrulan her bir şahyrana setir, ene topraga, ajaýyp tebigata, halk däp-dessurlaryna belent sena bolup ýaňlanýar. Şahyryň eserlerinde gam-gussaly pikirler bilen bilelikde, eger Pyragynyň arzuwlary hasyl bolanda, halkyň röwşen geljegi baradaky umytlar aýdyň duýulýar. 

Beýik şahyryň watançylyk goşgularynda haçanda uly il öz gadymy däp-dessurlary bilen nur çaýylan belent ahlak mertebesini gözüniň göreji ýaly gorap saklanda erkinlik, garaşsyzlyk,  döwletlilik ýaly garaýyşlar halkyň aňynda mäkäm ornaşýandygy barada berk ynam beýan edilýär. Söweşde gaýduwsyzlyk, sözünden dänmezlik, myhmasöýerlik islendik pursatda mätäje hemaýat bermek ýaly umumyadamzat ýörelgeleri her bir türkmen maşgalasynyň gadymdan gelýän durmuş düşünjesidir.

Her bir ahwalatda hem şübhesiz hakykatlygy ynam hökmünde kabul edilen türkmeniň ruhy-ahlak dessurlary üýtgewsiz häsiýete eýedir. Şol sebäpli hem ençeme asyrlaryň dowamynda türkmen jemgyýetinde wajyp durmuşy ýagdaýlar ýüze çykanda adatça şahyryň döredijiligine ser salynýar. 

Türkmen halky Magtymguly Pyragynyň parasatly setirlerinden özüni tolgundyrýan ähli durmuşy, pelsepewi ynsanperwerlik, ruhy-ahlak barada soraglaryna jogap tapypdyr. Şahyryň eserleri dürli ýagdaýlarda hakyky ynsanyň şek-şübhäni aradan aýryp, nähili hereket etmelidigini ündäp gelipdir we häzirki döwürde-de ygtybarly ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Beýik akyldaryň parlak setirleriniň ýaş nesilde dünýägaraýşy kemala getirmekdäki terbiýeçilik ähmiýetiniň deňi-taýy ýokdur. Şahyryň islendik eserlerinden alnan goşgy setirleri ynjan göwne teselli, seri duman duwlanan ynsan aňyna melhem, azaşana hak ýoly görkezijidir. Ine, olaryň käbiri:

Ýamany goý, ýagşylara göz ildir.

Özüň yrak eýle, namart ýörese.

Çagyrylmaz jaýda görünme, barma.

Gymmatyň gaçyrma, ýerinde sözle.

Içki syryň aýtma her bir namarda.

Magtymguly parasatly halk pähimlerini, nakyllary we atalar sözlerini peýdalanyp özi hem anyk, üýtgewsiz söz düzümlerini öwrülen pähimleri döredýär. Olar dilden-dile geçip häzirki wagtda hem türkmen halkynyň dil medeniýetiniň özenini düzýär. 

Müň gaýgy bir iş bitirmez.

Ýüz namart ýerini tutmaz bir merdiň.

Ýagşy ýigit ýol ýitirmez.

Dogry ýörüp, dogry gezen dok bolar.

Kişini kemsiden – özi näkesdir.

Müň tilki ýygylsa, ýeke gurt bolmaz.

Onuň eserlerinde türkmen halkynyň egsilmez ruhy aýna ýaly şöhle saçýar. Gündogary öwreniji alym Bertelsiň Magtymgulynyň  döredijiligini Jemşidiň jamyna deňemegi tötänleýin däldir. Şahyr ruhy güýjüň peselmegine getirýän erkinligi, Watanyňy, maşgala ojagyny goramak ukybyny gowşadýan ähli zyýanly endiklere barlyşyksyz garşy çykypdyr. Magtymguly Pyragy adamyň aňyna ýiti täsir etmek maksady bilen, beýan edýän öwüt-ündewiniň has saldamly bolmagy üçin gadymy türkmen däp-dessurlaryna, gadymy nakyllarynyň esasynda emele gelen dürli rowaýatlara ýüzlenýär. 

Beýik şahyryň eserleriniň ýer ýüzünde ginden ýaýrandygy we geljekki nesiller üçin hem özboluşly, üýtgewsiz ýol-ýörelgä öwrülýändigi buýsançly hakykatdyr.

Güljahan Bekişowa,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy.