Ï Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy

view-icon 117
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen neşirde täze açyşlar, halkymyzyň taryhy-medeni, ruhy mirasy boýunça geçirilen gözlegleriň netijeleri, şol sanda golýazmalar, dil bilimini ösdürmegiň meseleleri, edebiýatşynaslyk hem-de ýurdumyzyň taryhy baradaky makalalar ýerleşdirilipdir.

Žurnalyň täze sanynyň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine, Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlaglary ýerleşdirilipdir.

«Täze ylmy açyşlar» bölümi taryh ylymlarynyň kandidaty J.Gurbangeldiýewiň «Änew medeniýetiniň öwrenilişiniň taryhyndan» atly makalasy bilen açylýar. Onda belli arheologlaryň dünýä medeniýetiniň Hytaý, Hindistan, Müsür, Mesopotamiýa, Türkmenistan ýaly medeni-siwilizasiýa ojaklaryny äleme äşgär edendikleri bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň TÜRKSOÝ tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda Änew medeniýetiniň dünýädäki ilkinji ekerançylyk medeniýetleriniň biridigi aýdylýar. Bu eser maddy medeniýetiň gymmatly ýadygärliklerini ulgamlaýyn toplamak, düýpli öwrenmek, wagyz etmek babatda döwlet Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň aýdyň görkezijisidir. Makalanyň awtory Änew medeniýetiniň iki nukdaýnazardan — Änewiň demirgazyk depeleriniň arheologik, Änew galasynyň we Seýit Jemaleddin metjidiniň binagärlik nukdaýnazaryndan öwrenilendigini nygtaýar. Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda bugdaýyň däneleriniň tapylmagy taryhy ähmiýete eýe boldy. Munuň özi ak bugdaýyň bäş müň ýyl mundan ozal hut Änewde ösdürilip ýetişdirilendigini tassyklaýar. Bu açyş Merkezi Aziýanyň däneli ekinleriň ösdürilip ýetişdirilen dünýädäki ilkinji sebitleriň biri bolandygyny öňe sürmäge şert döretdi.

Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylda Gündogaryň beýik akyldarynyň we nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede bellenilýär. Onuň döredijilik mirasy dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyndan orun aldy. Magtymgulynyň dürli halklaryň dillerine terjime edilen goşgulary Zeminiň çar künjeginde ýaşaýan ynsanlaryň kalbynda seslenme döredýär.

Kiýewiň B.Grinçenko adyndaky uniwersitetiniň professory, filologiýa ylymlarynyň doktory N.Waskiwiň makalasynda Wengriýada hem türkmen şahyrynyň döredijiliginiň meşhurlyga eýedigi bellenilýär. Şeýle hem awtor makalasynda wenger dilinde türki genetiki düzümleriň bardygyny, munuň lingwistik barlaglar arkaly tassyklanandygyny nygtaýar. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty M.Orazowyň «Türkmen prozasynda Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi» atly makalasynda B.Kerbabaýew, B.Seýtäkow, G.Kulyýew, T.Taganow, Ö.Nepesow, G.Gurbansähedow ýaly ýazyjylaryň Magtymgulynyň çeper keşbine gyzyklanma bildirendikleri aýdylýar. Olaryň eserlerinde — hekaýalarda, powestlerde, pýesalarda, romanlarda iki pikir has aýdyň yzarlanylýar: şahyryň ýaşan döwri we onuň şahsy häsiýetleri. Ýazyjylar Magtymgulynyň öz döwrüniň görnükli wekilidigini hem-de ony edebiýata saldamly goşant goşan köptaraplaýyn şahsyýet hökmünde has giňişleýin açyp görkezmäge çalyşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda akyldar şahyrymyz barada şeýle belleýär: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir».

Žurnalyň «Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary» bölümi Bursanyň Uludag uniwersitetiniň mugallymy, professor Ý.Aýdynlynyň «Türkmen şahyry Magtymguly Pyragyda dünýä we adamzat düşünjesi» atly makalasy bilen açylýar. Makalada Magtymgulynyň döredijiligine düşünmäge we oňa baha bermäge synanyşylanda, öňi bilen, şahyryň ýaşan döwrüniň şertleriniň göz öňünde tutulmalydygy bellenilýär. Çünki jemgyýetçilik-syýasy gurşaw adamyň pikirlenişine täsir edýär. Magtymgulynyň dünýägaraýşy halkynyň milli medeniýetiniň däpleriniň täsiri esasynda kemala gelipdir. Şeýle hem okyjylaryň dykgatyna filologiýa ylymlarynyň doktory, Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň agzasy G.Kurambaýewanyň «Özbek şahyry Mirtemiriň döredijiliginde Magtymguly Pyragynyň keşbi» atly makalasy hödürlenilýär. Onda Magtymgulynyň şygryýetinden täsirlenen we ony özüne halypa saýan Özbegistanyň halk ýazyjysy Mirtemiriň (1910 — 1978 ýý.) döredijiligi barada maglumatlar getirilýär. Mirtemir Magtymgulynyň ilkinji gezek 1958-nji ýylda özbek dilinde neşir edilen «Saýlanan eserler» atly kitabynyň redaktorydyr. Terjimeleriň üstünde işläp, ol beýik türkmen şahyry bilen ruhy taýdan has ýakynlaşýar. Bu bolsa oňa birnäçe goşgulary döretmäge ylham berýär. Mirtemir ömrüniň soňky ýyllarynda türkmenler hakynda «Türkmen depderinden» ady bilen goşgular toplumyny ýazyp başlaýar. Ol halkymyz baradaky ähli goşgularyny neşir etdirmek isläpdir. Bimahal gelen ajal şahyryň bu arzuwynyň hasyl bolmagyna ýol bermedi. Şeýle-de bolsa, onuň türkmenler baradaky goşgulary häzirki döwürde hem ähmiýetini ýitirmeýär.

Neşir «Ylmy we medeni durmuş habarlary» bölümi bilen jemlenýär. Onda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylyň üçünji çärýeginde ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynda bolup geçen wakalara syn berilýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga we mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler yzygiderlilikde beýan edilýär.

Ýokary çap usulynda neşir edilen žurnal häzirki zaman sungat ussatlarynyň nakgaşlyk eserleriniň we fotosuratlarynyň nusgalary, seýrek muzeý hem-de arhiw maglumatlary, kartografik suratlar bilen bezelipdir.