Ï Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda halkara maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda halkara maslahat geçirildi

view-icon 88
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda halkara maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda (TDEI) daşky gurşawy goramak üçin durnukly energetika pudagyndaky halkara tejribäni öwrenmek boýunça konferensiýanyň çäginde «Ekologik esasda elektrik energetika pudagyny nädip ösdürmeli?» diýlen mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäräniň öňüsyrasynda bu ýokary mekdebiň ugry boýunça ylmy işleriň sergisi, «Kuwwat» aýdym-saz toparynyň çykyşy boldy.

Elektroenergetika pudagy ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryndan biridir, onuň ösüşine, enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, täzelenmegine we infrastrukturasynyň giňeldilmegine ýurtda aýratyn üns berilýär. Ýakyn geljekde bu pudak gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň hasabyna öndürilýän energiýa eýe bolar, howanyň bütin dünýäde üýtgemegi bilen baglanyşykly gün tertibiniň şertleri şeýle. Şonuň üçin-de ýurduň günbatar böleginde ýerleşýän Balkan welaýatynyň çäginde ilkinji gün-ýel senagat gibrid desgasynyň açylmagy taýýarlanylýar. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, konferensiýada Türkmenistanyň energiýa tygşytlamak pudagynda gazanan netijeleri barada gürrüň edildi we Ýewropa ýurtlarynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýynyň artýandygyna mysallar getirildi.

«Ýaşyl» energetikany ösdürmegiň sebitleýin tejribeleri», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri: mümkinçilikler we kynçylyklar», «Wodorod – geljegiň ýangyjy», «Howanyň üýtgemegi we energetika», «Gün ýylylyk ulgamlary» we ş.m. mowzuklarda hasabatlar diňlendi. Gurluşyga energiýa tygşytlaýan tehnologiýalary ornaşdyrmagyň şertleri we mümkinçilikleri, gurulýan hem gurulmagy meýilleşdirilýän binalara «ýaşyl» şahadatnama bermek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gazagystanly, gruziýaly, latwiýaly we polşaly maslahata gatnaşyjylar internet arkaly çykyş etdiler.

Soňra halkara bilermenler TDEI-niň mugallymlary we talyplary üçin «Merkezi Aziýada durnukly energetika baglanyşyklary» atly okuw maslahatyny geçirdiler. Maslahata gatnaşanlara şahadatnama gowşuryldy. Çäreler Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen ýurdumyzyň hökümetiniň arasyndaky şu ýyl üçin ylalaşylan meýilnamanyň çäginde bolup geçdi.