Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri M.Bekiýew we G.Orazdurdyýewa 28-nji noýabrda Belarusyň Informatika we radioelektronika uniwersitetinde bolup geçen «Elektronikada kompýuter taslamaçylygy» atly halkara ylmy we amaly maslahata gatnaşdy.
Olaryň bölüm mejlislerinde eden çykyşlary dürli tehnologiýalary ulanmak bilen, DdoS-hüjümi wagtynda ulgam geçişliginiň dinamikasyny modellemek baradaky wajyp mowzuga bagyşlandy. Minskdäki maslahata bäş ýurtdan 100-den gowrak hünärmen gatnaşdy. Bular Belarusyň öňdebaryjy bilim edaralarynyň we ylmy guramalaryň, önümçilik kärhanalarynyň we ýokary tehnologiýa merkezleriniň hemişelik agza kompaniýalary, şeýle hem Russiýanyň, Hytaýyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýokary okuw jaýlarynyň wekilleridi.
Maslahatda mikro we nanoelektronika pudagynyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri, radio-elektron ulgamlaryny we enjamlaryny taslamagyň we ösdürmegiň dürli taraplary, mikroelektronika dizaýny, dürli pudaklar üçin geljegi uly täze materiallar we tehnologiýalar boýunça agtaryşlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahat dürli ýurtlaryň hünärmenleriniň nazary we amaly tejribesini birleşdirmek üçin bir ädim we häzirki meseleleri netijeli ara alyp maslahatlaşmak, özara gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň geljegine garamak üçin ýerlik boldy.